Filimuna haty

1

0:00
0:00

Bap 1

Mesih Isanyň ugrunda bendi bolan men, Pawlusdan, Timoteos dogandan, söýgüli işdeşimiz bolan sen Filimuna,
2 aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipusa we seniň öýüňdäki imanlylar ýygnagyna salam!
3 Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin. Şükür we doga
4 seniň Reb Isa bolan imanyňy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňi eşidip, Hudaýyma şükür edýärin.
5 Seni dogalarymda elmydama ýatlaýaryn.
6 Mesihde özüňize degişli bütin ýagşy zatlary biler ýaly, özüňdäki imany beýlekiler bilen paýlaşmakda täsirli bolmagyň üçin doga edýärin.
7 Sebäbi men seniň söýgiň arkaly uly şatlyk hem teselli tapdym, çünki, eý dogan, seniň saýaňda bütin mukaddesleriň ýüregine ynjalyk berildi. Pawlusyň Onesimus baradaky haýyşy
8 şu sebäpden gerekli bolanyny saňa buýurmaga Mesihde uly batyrlygym bolsa-da,
9 men, garry Pawlus, şu wagt hem Mesih Isanyň ugrunda bendiniň biri hökmünde söýginiň hatyrasyna senden haýyş etmegi eý görýärin.
10 Men tussagdakam özüne atalyk eden,
11 bir wagtlar saňa peýdasyz, ýöne şindi hem saňa, hem maňa peýdasy degýän oglum Onesimus üçin senden haýyş edýärin.
12 Ony, ýagny ýürejigimi yzyna saňa ýollaýaryn, ony kabul et.
13 Hoş Habaryň ugrunda tussagdakam, seniň ýeriňe maňa hyzmat etmegi üçin, ony öz ýanymda alyp galmak isleýärdim,
14 ýöne etjek ýagşylygyň mejbury ýaly däl-de, meýletin bolar ýaly, senden soragsyz hiç bir zady etmek islemedim.
15 Belki-de, onuň wagtlaýynça senden aýrylmagy, ony hemişelik yzyna almagyň üçin bolandyr.
16 Ony indi bir gul däl-de, guldan artykmaç söýgüli dogan hökmünde yzyna alarsyň. Ol ylaýta-da meniň üçin, has-da seniň üçin hem bedende, hem-de Rebde bir söýgüli dogandyr.
17 Şoňa görä, meni öz ýoldaşyň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et.
18 Ol saňa her hili erbetlik eden bolsa ýa-da bir borjy bar bolsa, muny maňa ýaz.
19 Men Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn, özüm bererin. Seniň hem öz ýaşaýşyň bilen maňa borçludygyňy aýtmagymyň geregi ýok.
20 Hawa, dogan, Rebde maňa bir peýdaň degsin, Mesihde ýüregime ynjalyk ber.
21 Sözüme gulak asjagyňa ynam edip, aýdanlarymdan hem känräk etjegiňi bilip saňa ýazýaryn.
22 Şonuň bilen birlikde, maňa-da galara ýer taýynla. Çünki dogalaryňyz arkaly size bagyşlanaryn diýen umydym bar.
23 Mesih Isa ugrunda meniň bilen tussagda bile bolýan Epafra,
24 işdeşlerim Markus, Aristarkus, Dima we Luka saňa salam aýdýarlar.
25 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn.