Bap 3
Hökümdarlara we häkimlere tabyn bolmagy, söze gulak asmagy, her bir oňat işe taýýar durmagy,
2 hiç kimi ýamanlamazlygy, igenjeň bolman, mylaýym bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkezmegi imanlylaryň ýadyna sal.
3 Çünki bir wagtlar biz hem aň-düşünjesiz, söze gulak asmaz, ýolundan azaşan, dürli höweslere hem-de keýplere bakna, ýamanlyk hem göriplikde ýaşap, ýigrenji, biri-birlerini ýigrenýän adamlardyk.
4 Ýöne halasgärimiz Hudaýyň ýagşylygy, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda,
5 Ol bizi dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutardy.
6 Biz Onuň merhemeti bilen aklanyp, baky ýaşaýşyň umydy içinde Onuň mirasçylary bolar ýaly,
7 täzeden dogma ýuwşy bilen halasgärimiz Isa Mesihiň saýasynda üstümize bolelin döken Mukaddes Ruhunyň täzelemegi arkaly Ol bizi halas etdi.
8 Bu bir dogry sözdür. Hudaýa iman edenler ýagşy işleri ýerine ýetirmek üçin alada eder ýaly, men seniň bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bular ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.
9 Boş jedellerden, nesil şejereleri we Mukaddes Kanun hakdaky çekişmelerden hem-de dawalardan çekil. Çünki bular peýdasyz, biderek zatlardyr.
10 Ara bölünişik salýan adamdan birinji we ikinji ündewden soň gaça dur.
11 Beýle adamyň ýoldan azaşyp, günä edip, öz-özüne iş kesýänligini bilýänsiň.
12 Artemasy ýa-da Tihikusy seniň ýanyňa ýollamda, Nikopolise ― meniň ýanyma geljek bolup gaýrat et. Çünki gyşy ol ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.
13 Kanunçy Zenas bilen Apollosy ýola salaňda, hiç bir ýetmezçilikleri bolmaz ýaly, olaryň gamlaryny iý.
14 Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, gerekli zerurlyklara kömek üçin oňat işleri ýerine ýetirmegi öwrensinler.
15 Meniň ýanymdakylaryň hemmesi saňa salam aýdýar. Imanda bizi söýýänlere salam aýt. Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.