Titusa haty

1 2 3

0:00
0:00

Bap 1

Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna görä, Hudaý ýoluna ýaraşykly bolan hakykat bilimine görä Hudaýyň guly, Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan salam!
2 Meniň bu resullygym ýalan sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanýar.
3 Halasgärimiz Hudaýyň buýrugy boýunça maňa tabşyrylan wagyzda Hudaý Öz sözüni amatly wagtynda aýan etdi.
4 Ortak imanymyza görä, hakyky oglum Titusa Ata Hudaý, Halasgärimiz Mesih Isa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin!
5 Yza galan işleri düzeltmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin, ine, şu sebäpden men seni Giritde goýup gaýtdym.
6 Kim müýnsüz, diňe bir aýalyň äri bolsa, iman eden, edepsizlikde aýyplanmadyk bolsa, terbiýeli çagalary bar bolsa, şony belle.
7 Çünki gözegçi, Hudaýyň öýüniň wekilidigi üçin, müýnsüz bolmalydyr. Başyna giden, gyzma, şeraba höwesjeň, uruşgan, haram gazanjyň yzynda ylgap ýörmän,
8 eýsem, myhmansöýer, ýagşylyk söýer, sagdyn düşünjeli, adalatly, takwa we nebsine buýrup bilýän kişi bolmalydyr.
9 Hem beýlekilere sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip hem-de garşy çykanlary dymdyrar ýaly, öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşmalydyr.
10 Çünki pitneçi, ýaňra we aldawçy köp adamlar bardyr. Ylaýta-da, sünnetlilikden bolanlar bulardandyr.
11 Olaryň agzyny baglamak gerek. Olar haksyz gazanç üçin, öwredilmesiz zatlary öwredip, öýleri bütinleý ýykýarlar.
12 Aralaryndan biri, olaryň öz pygamberleriniň biri: «Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir» diýipdir.
13 Bu güwälik hakdyr. Şol sebäpli ýehudy ertekilerine, hakykatdan azaşan adamlaryň buýruklaryna gulak asma,
14 gaýtam, imanda sagdyn bolmaklary üçin olara berk käýe.
15 Çünki tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir.
16 Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär. Olar ýigrenji, söze gulak asmaz bolup, hiç bir oňat işe ýararly däldir.