Bap 10
Mukaddes Kanun geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez.
2 Ýetirip bilsedi, onda gurban hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki ybadat edenlerde bir gezek günäden tämizlenenden soň, indi günä aňy galmazdy.
3 Emma ol gurbanlar günäleriň barlygyny her ýyl ýada salýar.
4 Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir.
5 Munuň üçin Mesih dünýä gelýärkä diýýär: «Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň.
6 Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň.
7 Şonda Men diýdim: Kanun kitabynda Men hakda ýazylyşy ýaly, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim».
8 Ozal Kanuna görä hödürlenenler hakda «gurbanlary, sowgatlary, ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary islemediň, halamadyň» diýdi.
9 Soňra-da «Eý Hudaý, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, ine, Men geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinjini berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar.
10 Biz bu isleg boýunça Isa Mesihiň bedeniniň bir gezek hödürlenmegi bilen mukaddes edildik.
11 Her bir ruhany bolsa günuzyn durup, gulluk edip, günäleri asla ýuwup bilmeýän şol bir gurbanlary öwran-öwran hödürleýär.
12 Emma Mesih günäleriň deregine hemişelik üçin diňe bir gurban hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.
13 Şondan bäri hem duşmanlarynyň Öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşýar.
14 Çünki mukaddes edilenleri diňe bir gurban bilen hemişelik kämillige ýetirdi.
15 Mukaddes Ruh hem bu hakda bize güwä geçýär. Ilki:
16 «Reb: Ol günlerden soň olar bilen baglajak ähtim budur diýýär: Kanunlarymy olaryň ýüregine goýup, bulary aňlaryna ýazaryn» diýýär.
17 Onsoň: «Indi olaryň günälerini, kanunsyzlyklaryny ýada salmaryn» diýýär.
18 Bularyň bagyşlanan ýerinde, indi günä üçin gurban bolmaz.
19 Şoňa görä, eý doganlar, Isanyň gany bilen tutudan geçmäge, ýagny Öz bedeninden bize açan täze hem diri ýolundan mukaddes ýere girmäge bizde gaýrat bardyr.
20 Hudaýyň öýüne jogapkär uly Ruhanymyz hem bardyr.
21 Şoňa görä, ýüregimiz erbet ynsapdan tämizlenip, bedenlerimiz tämiz suw bilen ýuwlup, imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden Hudaýa ýakynlaşalyň.
22 Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň.
23 Çünki wadany beren Hudaý ynamdardyr.
24 Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň.
25 Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň.
26 Çünki hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galman,
27 diňe garaşylan hökümiň howpy, duşmanlary ýuwutjak gyzgyn ot galar.
28 Musanyň kanunyny ret eden adam, iki ýa üç güwäniň sözi bilen rehimsiz ölýär.
29 Hudaýyň Ogluny basalan, özüni mukaddes eden ähtiň ganyny mukaddes hasaplamadyk, merhemet Ruhuny ryswa eden adam mundan näçe agyr jeza sezewar bolar öýdýärsiňiz?
30 Çünki biz, «Öç Meniňkidir, almytyny Men berjek», ýene-de «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar» Diýeni tanaýarys.
31 Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!
32 Siz bolsa ýagtylyga çykanyňyzdan soň, görgüler bilen uly göreşe döz gelen ilki günleriňizi ýada salyň.
33 Siz bir tarapdan aç-açan sütemler hem muşakgatlara sezewar edildiňiz, bir tarapdan hem şeýle ýagdaýlara uçranlara ýoldaş bolduňyz.
34 Çünki siz hem tussaglykda çeken dertlerime şärik bolduňyz, hem-de özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz.
35 Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy uludyr.
36 Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir.
37 Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz.
38 Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar. Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn».
39 Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys.