Bap 2
Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris.
2 Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söze gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa,
3 Onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz nähili gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar.
4 Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi boýunça paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi.
5 Ol biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi perişdelere tabyn edenok.
6 Ýöne biri bir ýerde şeýle güwä geçip diýdi: «Sen ony ýatlar ýaly, ynsan näme? Oňa üns berer ýaly, ynsan ogly näme?
7 Ony perişdelerden az-kem pes tutduň. Şöhrat hem hormat täjini Oňa geýdirip, Öz elleriň işleriniň üstünde Ony oturtdyň.
8 Bar zady Onuň aýaklarynyň astynda goýduň». Hudaý bar zady Oňa tabyn etdi, Oňa bagly däl zat goýmady. Ýöne welin hemme zadyň Oňa baglydygyny biz entek görmeýäris.
9 Emma perişdelerden az-kem pes tutulan Isa Hudaýyň merhemeti bilen her ynsan üçin ölümi dadar ýaly, gören ölüm görgüsi üçin şöhrat hem hormat täjiniň geýdirilenini görýäris.
10 Ençeme ogullary şöhrata ýetirýärkä, olaryň gutulyşynyň Öňbaşçysyny görgüler arkaly kämillige ýetirmek hemme zadyň Özi üçin we Özi arkaly bar bolan Hudaýa ýaraşyklydy.
11 Çünki mukaddes eden bilen mukaddes edilenleriň hemmesi bir Atadandyr. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar. Şeýle diýýär:
12 «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn».
13 Ýene: «Men Oňa ynam ederin», «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary» diýýär.
14 Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak,
15 ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi.
16 Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär.
17 Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy.
18 Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar.