Ýewreýlere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 9

Ilkinji ähtiň hem ybadat dessurlary, dünewi ybadathanasy bardy.
2 Bir çadyr gurlupdy. Mukaddes Jaý diýilýän birinji bölümde şemdan, saçak, Hudaýa hödürlenip goýlan çörekler bolardy.
3 Ikinji tutynyň aňyrsynda Iň Mukaddes Jaý diýilýän içki bölüm bardy. Altyn buhurdan, bütinleý gyzyl bilen gaplanan äht sandygy bu ýerdedi.
4 Sandygyň içinde gyzyldan ýasalan manna gaby, Harunyň güllän hasasy, ýüzi ýazgyly daş sahypalar bardy.
5 Sandygyň üstünde günäleriň ötülýän ýerine kölege salyp duran şöhrat kerubileri bolardy. Ýöne entek bulardan birin-birin gürrüň edip bilmeýäris.
6 Şeýle gurluşda ruhanylar mydama çadyryň ilkinji bölümine girip, Hudaýa hyzmatlaryny berjaý edýär.
7 Emma içki bölüme ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýär. Ol hem özi üçin, halkyň nadanlykdan eden ýazyklary üçin hödürlän gurbanynyň gany bolmasa, girip bilmez.
8 Şeýlelikde, Mukaddes Ruh çadyryň ilkinji bölümi barka, mukaddes ýere gidýän ýoluň heniz belli däldigini görkezýär.
9 Bu-da häzirki zaman üçin bir mysal bolup, hödürlenen sylaglar hem gurbanlaryň ybadat eden adamyň wyždanyny kämilleşdirmegi başarmanlygyny görkezýär.
10 Bular diňe iýme, içme we dürli dini ýuwunmalara degişli bolup, täze düzgüniň başlangyjyna çenli goýlan beden baradaky dessurlardyr.
11 Emma Mesih geljekki oňat işleriň baş ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen ýasalmadyk, ýagny bu ýaradylyşdan bolmadyk has uly, has kämil çadyrdan geçip,
12 Mukaddes ýere girip, erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen bir gezekde ebedi gutulyşy gazandy.
13 Çünki erkeçler bilen öküzleriň gany, hapalaryň tämizligi üçin göläniň olaryň üstüne sepilýän küli olary mukaddes edýän bolsa,
14 onda Özüni ebedi Ruh arkaly Hudaýa müýnsüz hödürlän Mesihiň gany diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin biziň ynsabymyzy ölüm getirýän işlerden näçe artykmaç tämizlär!
15 Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy.
16 Çünki wesetnamanyň bar ýerinde weset edeniň ölenini subut etmek gerekdir.
17 Çünki wesetnama diňe biri ölenden soň kanunydyr. Weset eden şindi dirikä, wesetnamanyň asla güýji bolmaz.
18 Şu sebäpli birinji äht hem gansyz berkarar edilmedi.
19 Musa Mukaddes Kanunyň her buýrugyny bütin halka bildirenden soň, gyp-gyzyl ýüňi, zufa otuny, suw bilen göleleriň hem-de erkeçleriň ganyny alyp, kitabyň, bütin halkyň üstüne sepip:
20 «Bu Hudaýyň size buýran ähtiniň ganydyr» diýdi.
21 Şeýle hem, çadyryň, ybadatda ulanylýan ähli gaplaryň üstüne-de gan sepdi.
22 Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz.
23 Şeýlelikde, Gökde bolan zatlaryň nusgalaryny bu gurbanlar bilen, ýöne Gökdäki asyllaryny bulardan gowy gurbanlar bilen tämizlemek gerekdi.
24 Çünki Mesih aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilen ýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girdi.
25 Ol baş ruhanynyň ýylyň-ýylyna kesekiniň gany bilen Iň Mukaddes Jaýa girişiniň tersine, Özüni öwran-öwran hödürlemek üçin hem Göge girmedi.
26 Beýle bolsa, Ol dünýäniň gurluşyndan bäri öwran-öwran ölmeli bolardy. Emma indi bir gezekde Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin döwürleriň ahyrynda göründi.
27 Bir gezek ölüp hem ondan soň höküm edilmek ynsanlaryň ýazgydynda nähili bar bolsa,
28 şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi. Emma ol ikinji gezek günäni götermek üçin däl-de, Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görner.