Bap 5
Her bir baş ruhany, günäleriň tölegine sylaglar hem gurbanlar hödürlär ýaly, adamlar arasyndan saýlanyp, Hudaýa degişli zatlarda olara wekillik etmek üçin bellenýär.
2 Nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak bolmagy başarýar, çünki özüniň hem ejizlikleri bar.
3 Ol şu sebäpli halk üçin bolşy ýaly, öz günäleri üçin hem gurban bermäge borçludyr.
4 Adam baş ruhany bolma hormatyny öz-özüne berip bilenok. Ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylyp alýar.
5 Şonuň ýaly, Mesih hem baş ruhany bolmak üçin öz-özüni şöhratlandyranok, Ony «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum» diýen şöhratlandyrdy.
6 Başga bir ýerde-de diýýär: «Melkisedek düzgüni boýunça, Sen hemişelik ruhanysyň».
7 Mesih ýer ýüzünde bolan günlerinde Özüni ölümden gutarmagy başarýan Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürläp, takwalygy üçin eşidildi.
8 Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi.
9 Kämilleşdirilip, Hudaý tarapyndan Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhany adyny aldy.
10 Sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy.
11 Bu barada berjek köp gürrüňimiz bar, ýöne siziň eşitmäge islegsizligiňiz üçin, düşündirmek kyn.
12 Öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýeten hem bolsa, siz biriniň Hudaýyň sözüniň ilkinji esaslaryny gaýtadan özüňize öwretmegine mätäç. Size agyr damak däl-de, süýt gerek.
13 Kim süýt emýän bolsa, ol çaga, dogrulyk sözünde tejribesizdir.
14 Agyr damak kemala gelenlere, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir.