Ýewreýlere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 4

Şonuň üçin Onuň dynçlyk ülkesine girme wadasy heniz ýerindeligine görä, sizden biri muňa ýetmän galaýmasyn diýip gorkuda bolalyň.
2 Çünki Hoş Habar bize wagyz edilişi ýaly, olara-da wagyz edildi, ýöne eşiden sözlerini iman bilen utgaşdyrmandyklary üçin, onuň olara peýdasy bolmady.
3 Dünýäniň ýaradylyşynyň başynda işlerini tamamlan Hudaýyň: «Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmezler diýip ant içdim» diýşi ýaly, biz iman getirenler bu dynçlyga gireris.
4 Çünki bir ýerde ýedinji gün hakda: «Ýedilenji gün Hudaý ähli işini tamamlady we şol gün dynç aldy» diýipdir.
5 Ýene-de şol ýerde: «Olar dynçlyk ülkäme girmez» diýýär.
6 Şeýlelikde, Hoş Habary ilki eşidenler söze gulak asmandyklary üçin, ol dynçlyga girip bilmediler, ýöne käbir girjekler bar.
7 Şonuň üçin Hudaý köp wagtdan soň, Dawut arkaly aýdylyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň» diýende, «bu gün» diýmek bilen ýene bir güni belleýär.
8 Çünki Ýeşu olary dynçlyga ýetiren bolsa, onda Hudaý mundan soň başga günüň gürrüňini etmezdi.
9 Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar.
10 Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr.
11 Şeýlelikde, hiç kim olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaz ýaly, ol dynçlyga girmek üçin gaýrat edeliň.
12 Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir.
13 Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr.
14 Gökden geçen uly Baş Ruhanymyz, Hudaýyň Ogly Isamyzyň barlygyna görä, ykrar eden imanymyzy berk tutalyň.
15 Çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem, her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr.
16 Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň.