Pawlusyň Rimlilere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 6

Indi näme diýeliň? Merhemet köpelsin diýip, günäde galalyňmy?
2 Ýok! Günä etmeklige ölen biz indi onda gaýtadan nähili ýaşarys?
3 Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine çokundyrylandygyny bilmeýärsiňizmi?
4 Atanyň şöhraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi kimin, biz hem täzelenen ýaşaýyşda gezer ýaly, çokunma arkaly Onuň bilen bile ölüme gömlendiris.
5 Onuň ölümine meňzeşlikde Onuň bilen birleşen bolsak, direlmegine meňzeşlikde-de birleşeris.
6 Çünki günä jesedi ýogalyp, biz mundan beýläk günä gulluk etmez ýaly, köne adamymyzyň Onuň bilen birlikde haça çüýlenendigini bilýäris.
7 Çünki kim ölen bolsa, ol günäden aklanandyr.
8 Biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajagymyza hem ynanýarys.
9 Sebäbi biz Mesihiň direlendigini, indi ölmejekdigini, indi ölümiň Oňa agalyk etmejekdigini bilýäris.
10 Çünki Ol ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý üçin ýaşaýandyr.
11 Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň.
12 Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin.
13 Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň.
14 Günä size agalyk etmez. Çünki siz kanun astynda däl, merhemet astyndasyňyz.
15 Ýene näme? Kanun astynda bolman, merhemet astyndadygymyz üçin günä edeliňmi? Ýok!
16 Boýun bolmak üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz onuň, ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi?
17 Ýöne Hudaýa şükür, siz günäniň gullarykaňyz, tabşyrylan taglymatyňyzyň mazmunyna ýürekden boýun bolduňyz.
18 Şeýle, günäden azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz.
19 Teniňiziň ejizligi üçin, men adamlaryň pikir edişine görä gepleýärin. Çünki synalaryňyzy hapalyga, kanunsyzlyk üçin kanunsyzlygyň gullugyna tabşyryşyňyz ýaly, indi synalaryňyzy mukaddeslik üçin dogrulygyň gullugyna tabşyryň.
20 Siz günäniň gullarykaňyz dogrulykdan azatdyňyz.
21 Häzirki utanýan zatlaryňyzdan şol wagt näme hasylyňyz bardy? Çünki ol zatlaryň soňy ölümdir.
22 Ýöne indi günäden dynyp, Hudaýyň gullary bolduňyz, mukaddeslik üçin hasylyňyz bar, munuň soňy bolsa ebedi ýaşaýyşdyr.
23 Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr.