Pawlusyň Rimlilere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 4

Onda, ten boýunça atamyz bolan Ybraýym näme tapdy diýeli?
2 Ybraýym iş bilen aklanan bolsa, onda onuň öwünmäge haky bar, ýöne Hudaýyň öňünde däl.
3 Ýazgy näme diýýär? «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy».
4 Buýrugy berjaý edene sylag merhemete görä däl, borja görä saýylýandyr.
5 Emma buýrugy berjaý etmän, hudaýsyzy aklana iman edeniň imany oňa aklanma saýylýandyr.
6 Dawut hem Hudaýyň işine garaman aklan adamynyň bagtyýarlygyndan gürrüň berende şeýle diýýär:
7 Kanunsyzlyklary bagyşlananlar, günäleriniň üsti örtülenler nähili bagtly!
8 Rebbiň günäli saýmaýan adamy nähili bagtly!»
9 Bu bagtlylyk diňe sünnetlilere degişlimi? Ýa sünnetsizlere-de degişlimi? Çünki biz iman Ybraýyma dogrulyk saýyldy diýýäris.
10 Eýle bolsa, haçan saýyldy? Sünnetlilikdemi ýa sünnetsizlikde? Sünnetlilikde däl, ol sünnetsizlikde aklandy.
11 Ybraýym sünnetsizlikde iman edýänleriň barynyň atasy bolup, olara dogrulyk saýylar ýaly, ol sünnetsizlikdekä özünde bolan iman arkaly gazanan dogrulygynyň möhri hökmünde sünnetlilik tagmasyny aldy.
12 Ol diňe bir sünnetli bolanlaryň däl, eýsem, sünnetsizlikdekä atamyz Ybraýymda bolan imanyň yzyna eýerýänleriň hem sünnet atasydyr.
13 Çünki dünýä mirasçysy bolmak wadasy Ybraýyma, onuň nesline kanun arkaly däl, eýsem, iman bilen gazanylan dogrulyk arkaly berildi.
14 Çünki kanuna daýanýanlar mirasçy bolsa, onda iman boşap, wada ýatyrylandyr.
15 Sebäbi kanun gahar getirýändir, kanunyň ýok ýerinde jenaýat hem ýokdur.
16 Şeýlelikde, wada merhemete görä bolup, bütin nesil barada, diňe kanuna daýanan däl, eýsem, Ybraýymyň imanyna eýe bolan barada-da ýörgünli bolmagy üçin imandandyr.
17 «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýip ýazylyşy ýaly, Ybraýym özüniň iman eden Hudaýynyň, ölä jan beren, ýoklary barlyga çagyran Hudaýynyň öňünde biziň hemmämiziň atamyzdyr.
18 Ol «Seniň nesliň şeýle bolar» diýip aýdylyşyna görä, umytsyzlykda umyt bilen iman edip, köp milletleriň atasy boldy.
19 Ol imanynda gowşaman, tas ýüz ýaşynda bolsa-da, bedeni ölüdir, Saranyň ýatgysy ölüdir öýtmedi.
20 Hudaýyň wadasyna imansyzlyk bilen şübhelenmän, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyryp imanda güýjedi.
21 Onuň beren wadasyny ýerine ýetirmegi başarýanlygyna doly ynandy.
22 Şonuň üçin hem imany oňa dogrulyk saýyldy.
23 Dogrulyk saýylandygy diňe ol babatda däl,
24 eýsem Rebbimiz Isany Direldene iman eden we dogry saýyljaklar bolan biz babatda hem ýazylandyr.
25 Isa biziň günä-tagsyrymyz üçin ölüme berlip, biziň aklanmagymyz üçin hem direldildi.