Bap 11
Men şuny soraýaryn: Hudaý öz halkyny ret etdimi? Ýok! Çünki men-de Ybraýymyň neslinden, benýamyn taýpasyndan bolan bir ysraýylly.
2 Hudaý Özüniň öňden tanan halkyny ret edenok. Mukaddes Ýazgynyň Ylýas hakdaky bölümde näme diýýänini bilmeýärsiňizmi? Ol Ysraýyl babatda Hudaýa şikaýat edip, şeýle diýýär:
3 «Ýa Reb! Pygamberleriňi öldürdiler, gurbanlyk edilýän ýerleriňi ýykdylar, diňe men galdym. Olar meniň hem janymyň kastynda».
4 Hudaýyň oňa beren jogaby näme? «Men Baal öňünde dyz epmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum».
5 Şonuň ýaly häzirki wagtda hem merhemet bilen saýlanan bir galyndy bar.
6 Ýöne merhemet bilen bolsa, onda işe görä däldir. Ýogsa, merhemet merhemet bolmazdy. Işe görä bolsa, onda ol eýýäm merhemetden däldir, ýogsa, iş eýýäm iş bolmazdy.
7 Indi näme? Ysraýyl agtaranyna ýetmedi, ýöne saýlananlar ýetdiler, beýlekiler hem,
8 «Hudaý olara ukuçyllyk ruhuny berdi, şu gün hem gözleri görmeýär, gulaklary eşitmeýär» diýip ýazylyşy ýaly gatadylar.
9 Dawut: «Saçaklary olara kement, duzak, böwet we jeza bolsun!
10 Gözleri görmez ýaly, garaňkyrasyn, billeri hemişe bükük bolsun!» diýýär.
11 Men diýýärin: olar ýykylmaly bolup büdredimi? Ýok! Ýöne gabanjaňlygyny oýandyrmak üçin olaryň, ýazyklary sebäpli özge milletlere gutulyş berildi.
12 Olaryň ýazygy dünýäniň baýlygy, olaryň zyýany milletleriň baýlygy bolsa, olaryň tamamlanmagy has uly baýlyk getirer.
13 Men siz ýehudy dällere aýdýaryn. Özge milletleriň resulydygym üçin, öz hyzmatymy şöhratlandyrýaryn.
14 Belki, şeýdip, öz halkymdan bolanlaryň gabanjaňlygyny oýandyryp, olaryň käbirlerini halas etmegi başararyn.
15 Çünki olaryň ret edilişi dünýäniň ýaraşygy bolsa, olaryň kabul edilişi ölümden ýaşaýşa gowuşmakdan başga näme bolar?
16 Hamyryň ilkinji bölegi mukaddes bolsa, onda bütin hamyr hem şeýledir, kök mukaddes bolsa, baldaklar-da şeýledir.
17 Ýöne baldaklaryň käbiri döwlen bolsa, sen ýabany zeýtun agajykaň, olara sapylyp, zeýtun agajynyň dok köküne, suwuna şärik bolan bolsaň, onda baldaklaryň öňünde magtanma.
18 Magtanýan hem bolsaň, sen köki götermän, eýsem, köküň seni göterýändigini bilip goý.
19 Sen: «Baldaklar meniň sapylmagym üçin döwüldi» diýjeksiň.
20 Dogry, olar imansyzdyklary zerarly döwüldi, ýöne sen iman arkaly dursuň. Tekepbirlik etme-de, gaýtam, gork.
21 Sebäbi Hudaý tebigy baldaklary gaýgyrmadyk bolsa, seni-de gaýgyrmaz.
22 Indi Hudaýyň ýagşylygyny, gatylygyny gör, Ol ýykylanlara gaty, saňa bolsa, eger Hudaýyň ýagşylygynda galsaň, ýagşy bolar, ýogsa, sen hem kesilersiň.
23 Olar hem imansyzlykda galmasalar, täzeden sapylarlar, çünki Hudaý olary sapmagy başarýandyr.
24 Çünki sen tebigaty boýunça ýabany zeýtun agajyndan kesilip, tebigatyň tersine, oňat zeýtun agajyna sapylan bolsaň, bu tebigy baldaklar öz zeýtun agaçlaryna has gowy sapylar!
25 Çünki, eý doganlar, özüňizi dana saýmaz ýaly, men siziň bu syrdan habarsyz galmagyňyzy islemeýärin: milletleriň sany tamamlanýança, Ysraýyl bölekleýin gatap galar.
26 Şeýle: «Siondan Halasgär geler, Ol hudaýsyzlygy Ýakupdan sowar.
27 Günälerini geçjek wagtym olar bilen etjek ähtim şudur» diýip ýazylyşy ýaly, tutuş Ysraýyl gutular.
28 Hoş Habar babatda olar siziň hatyraňyza Hudaýa duşman boldular, ýöne saýlaw babatda atalaryň hatyrasyna ezizdirler.
29 Sebäbi Hudaýyň sylaglary, çakylygy yzyna alynmaz.
30 Siziň bir wagtlar Hudaýa boýun bolman, ýöne häzir bularyň boýun bolmazlygy arkaly merhemet astyna gelşiňiz ýaly,
31 bular-da siziň ýeten merhemetiňiz bilen merhemete ýetjek bolup, şindi boýun bolmadylar.
32 Çünki Hudaý baryna merhemet etmek üçin, hemmesini boýun bolmazlykda tussag etdi.
33 Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!
34 Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim Oňa geňeşdar boldy?
35 Ol bergili bolar ýaly, kim Oňa öňinçä bir zat berdi?
36 Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn.