Pawlusyň Rimlilere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 14

Imany gowşagy kabul ediň, ýöne pikirleri hakda onuň bilen jedelleşmäň.
2 Bir kişi ähli zady iýip bilýänine imany bardyr, ýöne imany gowşak adam diňe gök iýýändir.
3 Kim iýýän bolsa, iýmeýäni äsgermezlik etmesin. Kim iýmeýän bolsa, iýýäni ýazgarmasyn, çünki Hudaý ony kabul edendir.
4 Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? Ol öz hojaýynynyň öňünde durar ýa ýykylar, ýöne dikeler, çünki Hudaý ony dikeltmegi başarýandyr.
5 Biri bir güne beýlekiden parh goýýandyr; başga biri bolsa, ähli günleri deň görýändir. Ýöne her kesiň öz garaýşyna ynamy bolsun.
6 Kim güni sylaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýandyr. Kim güni sylamaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýan däldir. Kim iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, çünki Hudaýa şükür edýändir. Kim iýmeýän bolsa, Reb üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.
7 Sebäbi hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç kim hem özi üçin ölýän däldir.
8 Sebäbi ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris.
9 Sebäbi Mesih hem ölüleriň, hem dirileriň Rebbi bolmak üçin, hem öldi, hem direldi, hem-de ýaşaýşa gowuşdy.
10 Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? Ýa-da sen näme üçin doganyňy äsgermezlik edýärsiň? Çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys.
11 «Reb diýýär: Öz diriligimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder» diýip ýazylgydyr.
12 Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer.
13 Munuň üçin biri-birimizi ýazgarman, gowusy, bir doganyň öňüne büdreme, taýma daşyny goýmazlygyň pikirini edeliň.
14 Men hiç bir zadyň öz-özünden murdar däldigini bilýärin, muňa Reb Mesihde ynamym bar. Ýöne biri bir zady murdar saýýan bolsa, oňa murdardyr.
15 Çünki doganyň iýýän damagyň üçin gam çekýän bolsa, onda sen entek söýgi ýolundan ýöreýän dälsiň. Damagyň bilen hiç kişini heläk etme, Mesih şolaryň ugrunda janyny pida etdi.
16 Ýagşylygyňyzy ýamanlatmaň.
17 Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr.
18 Kim Mesihe şeýle gulluk edýän bolsa, Hudaýyň pisindiniň oturýany we adamlaryň halany şoldur.
19 Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň.
20 Damak üçin Hudaýyň işini bozma. Hemme zat tämiz, ýöne biriniň büdremegine sebäp bolup iýýän adama erbetdir.
21 Et iýmezlige, şerap içmezlige hem-de doganyňyň büdremegine, günä itilmegine ýa ejizlemegine sebäp bolýan zady etmezlik ýagşydyr.
22 Imanyň barmy? Ony Hudaýyň huzurynda özüň üçin sakla. Gowy görýän zadynda özüni höküm etmeýän bagtlydyr.
23 Emma şübhe edýän iýse, ol höküm ediler, sebäbi ol muny iman bilen edýän däldir. Imansyz edilen zat günädir.
24 Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma we Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan,
25 ýöne indi aýan bolup, ebedi Hudaýyň buýrugy bilen pygamberleriň ýazgylary arkaly bütin milletlere imana boýun bolmak üçin bildirilen syryň aýan bolmagyna görä sizi berkitmegi başarýan,
26 ýalňyz akyldar Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şöhrat bolsun! Omyn.