Pawlusyň Rimlilere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 12

Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr.
2 Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň.
3 Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň.
4 Çünki biziň bir tenimiz we köp agzamyz bolup, bütin agzalaryň işiniň bolsa bir bolmaýşy ýaly,
5 köp bolan biz-de Mesihde bir ten we biri-birimiziň agzalarydyrys.
6 Biziň özümize berlen merhemet boýunça, aýry-aýry sylaglarymyz bardyr. Bu welilik etmek bolsa, iman möçberine görä welilik edeliň.
7 Hyzmat bolsa, hyzmat edeliň. Biri öwrediji bolsa öwretsin.
8 Biri nesihatçy bolsa nesihat etsin. Haýyr-yhsan edýän muny sahylyk bilen etsin, baştutanlyk edýän gaýrat bilen, rehimdarlyk edýän begenç bilen etsin.
9 Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.
10 Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn.
11 Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň.
12 Umytda şatlanyň. Muşakgatda çydamly boluň. Dogada erjellik ediň.
13 Mätäçlik çekýän mukaddeslere ýardam ediň. Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň.
14 Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň.
15 Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň.
16 Özara pikirdeş boluň. Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň.
17 Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň.
18 Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň.
19 Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin».
20 «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, susan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» diýip ýazylgydyr.
21 Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.