Bap 15
Ýöne biz güýçlüler ejizleriň ejizliklerini götermelidiris, öz göwnümizden turmaly däldiris.
2 Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr.
3 Çünki: «Seni kemsidýänleriň kemsitmesine men duçar boldum» diýip ýazylyşy ýaly, Mesih hem Öz göwnünden turmady.
4 Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize tälim üçin ýazylandyr.
5 Siz ýürekdeş bolup, Hudaýy, ýagny Rebbimiz Isa Mesihiň Atasyny biragyzdan şöhratlandyrar ýaly,
6 çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin.
7 Bu sebäpden, Hudaýyň şöhraty üçin Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz-de biri-biriňizi kabul ediň.
8 Çünki men aýdýaryn: «Munuň üçin milletler arasynda Seni ykrar edip, adyňa nagma aýdaryn» diýip ýazylyşy ýaly, özge milletler Hudaýy merhemeti üçin şöhratlandyrsyn diýip,
9 Mesih atalara berlen wadany tassyklajak bolup, Hudaýyň hakykaty üçin sünnetlileriň hyzmatkäri boldy.
10 Ýene diýýär: «Eý milletler, Onuň halky bilen birlikde şatlanyň».
11 Ýene: «Eý bütin milletler, Hudaýa alkyş okaň, bütin halklar Oňa öwgi aýtsyn».
12 Ýene Işaýa diýýär: «Milletlere höküm etmek üçin Galan, Ýessäniň Köki geler, milletler Oňa umyt baglar».
13 Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly, umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin.
14 Eý doganlar, men siziň hem ýagşylykdan doludygyňyza, bütin bilim bilen dolup, özara nesihat bermegi başarýandygyňyza ynanýaryn.
15 Eý doganlar, ýöne men Hudaýyň özüme beren merhemetine görä, siziň ýadyňyza salmak üçin, käbir zatlary batyrgaýlyk bilen ýazdym.
16 Maňa bu merhemet milletleriň sowgady Mukaddes Ruh arkaly mukaddes edilip, kabul bolar ýaly, Hudaýyň Hoş Habary ugrunda ruhanylyk kärini ýerine ýetirmegim, milletlere Mesih Isanyň hyzmatkäri bolmagym üçin berildi.
17 Şeýlelikde, Mesih Isa degişli biri hökmünde Hudaýa edýän hyzmatym bilen magtansam ýerliklidir.
18 Sebäbi men özge milletleriň boýun bolmagy üçin, Mesihiň men arkaly sözde hem işde,
19 alamatlar, gudratlar arkaly, Mukaddes Ruh arkaly edenlerinden başga zatlary aýtmaga het etmerin. Şeýlelikde, men Iýerusalimden başlap, Illiriýa çenli aýlanyp, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratdym.
20 Başga biriniň binasynyň üstünden gurmaýyn diýip: «Ondan habarsyz bolanlar görer, eşitmedikler düşüner» diýip ýazylyşy ýaly,
21 Mesihiň ady eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmäge yhlas etdim.
22 Meniň siziň ýanyňyza gelmegime-de ençeme gezek päsgel beren şu boldy.
23 Indi bolsa bu ýurtlarda maňa edere iş ýoklugy we köp ýyllardan bäri ýanyňyza gelmegi küýseýänligim üçin,
24 Ispaniýa barýarkam, ýanyňyza degerin. Sebäbi geçip barýarkam, sizi görüp, didaryňyzdan biraz doýanymdan soň, siz meni ol ýere ugradarsyňyz diýen umydym bar.
25 Häzir bolsa mukaddeslere gulluk etmek üçin, Iýerusalime barýaryn.
26 Çünki Makedoniýa we Ahaýa ilaty Iýerusalimde bolan mukaddesler arasyndaky mätäçlere sadaka ibermegi maslahat bildiler.
27 Olar maslahat bildiler, aslynda, olara borçludyrlar. Çünki özge milletler olaryň ruhy bereketlerine şärik bolandyklaryna görä, maddy zatlarda olara hyzmat etmäge borçludyrlar.
28 Men şuny bitirenimden, bu hasyly olara gowşuranymdan soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa gitmekçi.
29 Siziň ýanyňyza baranymda, Mesih baradaky Hoş Habaryň berekediniň bollugy bilen geljekdigimi bilýärin.
30 Eý doganlar, men Ýahudadaky imansyzlardan gutular ýaly we Iýerusalim üçin edýän hyzmatymy hudaýhonlar kabul eder ýaly,
31 meniň üçin Hudaýa doga edip, meniň bilen birlikde göreşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň we Ruhuň söýgüsi hatyrasyna sizden haýyş edýärin.
32 Onsoň Hudaýyň islegi bilen şatlyk içinde siziň ýanyňyza gelip, siz bilen ynjalaryn.
33 Parahatlyk Hudaýy siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.