Bap 3
Şeýlelikde, ýehudynyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetliligiň peýdasy näme?
2 Ähli babatda köp. Çünki Hudaýyň sözleri ilki ýehudylara ynanyldy.
3 Onda näme? Käbirleri iman etmände, olaryň imansyzlygy Hudaýyň ynamdarlygyny ýok edermi?
4 Asla etmez! Ýöne: «Sen Öz sözleriňde dogry çykyp, üstüňden höküm çykarylanda, ýeňer ýaly» diýip ýazylyşy kimin, bütin adamlar ýalançy bolsa-da, Hudaý dogruçyldyr.
5 Biziň nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny görkezýän bolsa, onda näme diýeris? Adamlaryň pikir edişine görä aýdýaryn, gazap edýän Hudaý adalatsyzmydyr?
6 Ýok! Beýle bolsa, Hudaý dünýäniň üstünden nähili höküm çykaryp biler?
7 Sebäbi meniň ýalanym bilen Hudaýyň hakykaty Onuň şöhratyny artdyrýan bolsa, näme üçin ýene men günäli hökmünde höküm edilýärin?
8 Käbirleriniň bize töhmet atyp, şeýle gürleýşimizi aýdyşy ýaly, näme üçin: «Ýagşylyk geler ýaly, ýamanlyk edeliň» diýmäli? Olaryň hökümi dogrudyr.
9 Indi näme? Biziň artykmaçlygymyz barmy? Asla ýokdur, çünki biz bary günä astyndadyr diýip, öň hem ýehudylary, hem-de grekleri günäkär etdik.
10 Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok.
11 Düşünýän ýok, Hudaýy agtarýan ýok.
12 Hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok.
13 Olaryň bogazy açyk gabyrdyr. Olar dilleri bilen aldaýarlar, dodaklarynda gömülgeniň zäheri bar.
14 Olaryň agzy gargyşdan, ajylykdan doludyr.
15 Olaryň aýagy gan dökmäge ýorga.
16 Olaryň ugran ugry weýrançylyk bilen zorlukdyr.
17 Olar parahatlyk ýoluny bilmediler,
18 gözleriniň öňünde Hudaýdan gorkma ýok» diýlip ýazylandyr.
19 Ýöne her agyz baglanyp, bütin dünýä Hudaýyň hökümine sezewar bolar ýaly, Mukaddes Kanunyň aýdýanlarynyň baryny kanun astyndakylara aýdýandygyny bilýäris.
20 Munuň üçin, Onuň huzurynda hiç kim kanun işlerini etmek bilen aklanmaz, çünki günäni bilmek kanun arkaly döreýändir.
21 Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy,
22 ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy.
23 Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.
24 Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar.
25 Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin,
26 Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi.
27 Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen.
28 Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris.
29 Eýsem, Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy? Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hem Hudaýy.
30 Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr.
31 Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris.