Bap 9
Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!
2 Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.
3 «Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýar.
4 Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.
5 Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.
6 Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýar.
7 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?
8 Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.
9 Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?». Muny Reb aýdýandyr.
10 Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.
11 Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.
12 Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr?
13 Reb şeýle diýýär: «Olar özlerine beren kanunymy ret etdiler, sözüme gulak asmadylar, ol boýunça hereket etmediler.
14 Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler».
15 Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men bu halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin.
16 Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn». Halk jezasy üçin ýas tutýar
17 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýagşy oýlanyp görüň, agyçy aýallary çagyryň, gelsinler. Iň ezberlerini çagyrdyň, gelsinler.
18 Derrew gelip, biziň üçin agy aýtsynlar. Goý, gözlerimiziň ýaşy kepemesin, gabaklarymyzdan sil bolup aksyn».
19 Ine, Siýondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».
20 Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň, Agzyndan çykýan söze gulak asyň. Gyzlaryňyza ýas tutmagy, goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.
21 Köçelerden çagalary, meýdanlardan ýaş ýigitleri gyryp taşlamak üçin, ölüm penjirelerimize dyrmaşyp, galalarymyza girdi.
22 Reb şeýle diýýär diý: «Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý, orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler. Olary hiç kim ýygnamaz».
23 Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.
24 Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr.
25 Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.
26 Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».