Bap 21
Patyşa Sidkiýa Malkyýanyň ogly Paşhur bilen Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny Ýermeýanyň ýanyna iberende, Ýermeýa Rebbiň şu sözi geldi. Paşhur bilen Sepanýa oňa:
2 «Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi.
3 Ýermeýa olara Sidkiýa şuny aýdyň diýdi:
4 «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.
5 Güýç-gudratym bilen, güýçli gaharym bilen gazap atyna atlanyp, Meniň Özüm siziň garşyňyza urşaryn.
6 Men bu şäherdäkileriň baryny: ynsandyr haýwanyny heläk ederin. Olar aýylganç mergiden ölerler.
7 Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny: uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
8 Bu halka hem Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men ýaşaýyş ýoly bilen ölüm ýoluny siziň öňüňizde goýýaryn.
9 Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar.
10 Men bu şähere ýagşylyk däl-de, betbagtlyk indermek kararyna geldim. Muny Reb aýdýandyr. Bu Babyl patyşasynyň eline berler we ol hem muny oda ýakar“.
11 Ýahuda patyşasynyň nesline aýt, Rebbiň sözüne gulak asyň diý:
12 „Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.
13 Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’.
14 Men sizi eden işleriňize görä jezalandyraryn, tokaýyňyza ot bererin, ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“». Muny Reb aýdýandyr.