Bap 24
Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyny, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.
2 Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy.
3 Onsoň Reb menden: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Injir. Gowulary gaty gowy, erbetleri bolsa, gaty erbet, çüýrükliginden ýaňa olary iýer ýaly däl» diýdim.
4 Onsoň maňa Rebbiň şu sözi geldi.
5 «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn.
6 Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.
7 Meniň Rebdigimi tanar ýaly, olaryň ýüreklerine isleg bererin. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.
8 Reb şeýle diýýär: „Emma Ýahuda patyşasy Sidkiýany, onuň ýolbaşçylaryny, bu ýurtda Iýerusalimiň aman galanlary bilen Müsürde ýaşaýanlary edil ýaramsyz çüýrük injir ýaly ederin.
9 Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.
10 Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».