Bap 50
Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi:
2 «Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.
3 Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».
4 Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler.
5 Olar ýüzlerini Siýona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.
6 Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.
7 Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.
8 Babyldan gaçyp gutulyň, babyllylaryň ýurdundan çykyň, süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň.
9 Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.
10 Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar, ony talanlaryň bary oljadan doýar. Muny Reb aýdýandyr.
11 Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.
12 Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar, göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar. Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup: çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler.
13 Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.
14 Eý, kemançylar, Babylyň daş-töwereginde nyzama duruň. Oňa ok atyň, oky gaýgyrmaň, çünki ol Rebbe garşy günä etdi.
15 Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.
16 Ekin ekeni, orak döwri orakçyny Babyldan ýok ediň. Zalym gylyjyň zarbyndan gaçyp, her kim öz halkyna tarap öwrülsin, her kim öz ýurduna gaçsyn.
17 Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».
18 Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Aşur patyşasyny jezalandyryşym ýaly, Babyl patyşasy bilen onuň ýurduny-da şeýle jezalandyraryn.
19 Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.
20 Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýar.
21 Merataýym ýurduna we Pekot halkyna hüjüm et. Olary öldür, aman galanlary bütinleý ýok et, özüňe buýruşym ýaly et. Muny Reb aýdýar.
22 Ýurtda uruş galmagaly, uly weýrançylyk bar!
23 Babyl milletler arasynda nähili weýran boldy! Bütin dünýäni tokmaklan nähili döwlüp parçalandy!
24 Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.
25 Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb babyllylaryň ýurdunda etmeli işiniň bardygy üçin, Reb gorhanasyny açyp, gazap bilen ýaraglaryny çykardy.
26 Babyla her tarapdan hüjüm ediň, onuň ammarlaryny açyp, ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň, ony bütinleý ýok ediň; ondan hiç zat galmasyn.
27 Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.
28 Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Siýonda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!
29 Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.
30 Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri köçelerde heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýar.
31 Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýar. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.
32 Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar».
33 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl bilen ýahuda halky-da ejir çekýär, ýesir alanlaryň bary olary berk saklaýar, azat etmekden boýun gaçyrýar.
34 Emma Ysraýylyň Halasgäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».
35 Reb şeýle diýýär: «Babyllylara garşy gylyç insin! Babyl ilatynyna, ýolbaşçylarydyr akyldarlaryna garşy gylyç insin!
36 Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin! Olar akmak bolarlar. Urşujylarynyň depesinden gylyç insin! Olar tapdan düşerler.
37 Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar.
38 Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn!
39 Munuň üçin ol ýerde wagşy haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar mesgen tutarlar. Mundan beýläk onda ynsan ýaşamaz, nesiller boýy hiç kim aýak basmaz.
40 Edil Sodomyň, Gomoranyň, olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz». Muny Reb aýdýar.
41 Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar.
42 Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!
43 Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.
44 Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?
45 Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny, babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
46 Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar; gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».