Bap 40
Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi geldi.
2 Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy.
3 Ine, ony inderip, aýdyşy ýaly hem etdi. Bu zatlaryň bary Rebbe garşy günä edendigiňiz we Oňa gulak asmandygyňyz üçin, siziň başyňyzdan indi.
4 Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git».
5 Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy.
6 Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.
7 Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler.
8 Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler.
9 Gedalýa olara we olaryň goşunyna ant içip, şeýle diýdi: «Babyllylara gulluk etmekden gorkmaň. Ýurtda galyp, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda özüňize oňat bolar.
10 Men bolsam bu ýere geljek babyllylaryň öňünde size wekilçilik eder ýaly, Mispada galjak. Emma siz miweler ýygyp, şerap, ýag ýygnaň. Olary ammaryňyzda goýuň-da, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň».
11 Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahudada bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.
12 Ýahudalaryň ählisi dargadylan ýerlerinden yzlaryna dolandylar. Olar Ýahuda ýurduna, Mispada ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gaty köp miwe ýygnap, bolelin şerap öndürdiler.
13 Kareýanyň ogly Ýohanan bilen söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri Mispadaky Gedalýanyň ýanyna gelip,
14 oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.
15 Onsoň Kareýanyň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Gel, men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Bolmasa, ol seni öldürer we ýanyňa ýygnanan ähli ýahudalar dargar. Ýahudada aman galanlar hem heläk bolsunmy?» diýdi.
16 Emma Ahykamyň ogly Gedalýa Kareýanyň ogly Ýohanana: «Sen Ysmaýyl hakda ýalan sözleýärsiň. Bu işi etme!» diýdi.