Bap 11
Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:
2 «Bu ähtiň şertlerine gulak goý. Ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna beýan et.
3 Olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Bu ähtiň şertlerine gulak asmadyk adama nälet bolsun!
4 Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.
5 Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.
6 Reb maňa bu sözleriň hemmesini Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde jar et-de, şuny aýt diýdi: «Bu ähtiň sözlerine gulak asyň, olary berjaý ediň.
7 Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim.
8 Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerip, hersi özüçe hereket etdi. Munuň üçin Men bu ähtiň ähli sözlerini olaryň başlaryndan inderdim. Men olara bulary berjaý etmegi buýrupdym, emma olar etmediler».
9 Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatynyň arasyndaky dildüwşügiň üsti açyldy.
10 Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.
11 Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.
12 Onsoň Ýahuda şäherleri bilen Iýerusalim ilaty gidip, özleriniň sadaka beren hudaýlaryna dady-perýat ederler, emma betbagtlyk gelende, bu hudaýlar olary asla halas etmez.
13 Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz.
14 Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin.
15 Köp pis işler edeninden soň, söýgüli halkymyň Meniň öýümde näme işi barka? Hatda Rebbe bagyş edilen et kömek etmez. Siz pislik etmekde şatlanýarsyňyz.
16 Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar.
17 Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».
18 Şol wagt Reb halkyň eden pisliklerini maňa görkezdi. Ol muny maňa äşgär etdi, Ýa Reb, olaryň eden işlerini maňa aýan etdiň.
19 Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.
20 Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!
21 Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir.
22 Ine, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary jezalandyraryn. Olaryň ýaş ýigitleri gylyçdan geçiriler, oguldyr-gyzlary açlykdan ölerler.
23 Olardan aman galany bolmaz. Çünki wagty gelende, Men anatot halkynyň başyndan betbagtlyk indererin».