Bap 41
Ýedinji aýda patyşa neslinden we patyşanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ol ýerde bile iýip-içip otyrkalar,
2 Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi.
3 Ysmaýyl Mispada Gedalýa bilen bile bolan ähli ýahudalary-da, ol ýerdäki babyl esgerlerini-de öldürdi.
4 Gedalýa öldürilenden bir gün geçensoň, entek muny hiç kim bilmeýärkä,
5 Şekemden, Şilodan we Samarýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdyr, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.
6 Olary garşylamak üçin, Mispadan Netanýanyň ogly Ysmaýyl geldi. Ol aglaý-aglaý adamlaryň deňine gelip, olara: «Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baryň» diýdi.
7 Olar şäheriň içine girenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky adamlar olary öldürip, gurruk guýa taşladylar.
8 Ýöne olaryň arasyndan on adam: «Bizi öldürme! Biziň meýdanda gizläp goýan bugdaýymyz, arpamyz, ýagymyz we balymyz bar» diýdi. Şeýlelikde, ol pikirinden dänip, olary ýoldaşlary bilen birlikde öldürmedi.
9 Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetleriniň baryny guýa taşlady. Muny öň Asa patyşasy Ysraýyl patyşasy Bagşadan goranmak üçin gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ony adam jesedinden doldurdy.
10 Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.
11 Emma Kareýanyň ogly Ýohanan we onuň ýanyndaky ähli goşun serkerdeleri Netanýanyň ogly Ysmaýylyň eden pis işlerini eşidenlerinde,
12 adamlarynyň baryny alyp, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen uruşmaga gitdiler. Olar ony Gibgondaky äpet howzuň başyndan tapdylar.
13 Ysmaýylyň ýanyndaky adamlaryň hemmesi Kareýanyň ogly Ýohanan bilen onuň goşun serkerdelerini görenlerinde begendiler.
14 Şeýlelikde, Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlarynyň bary yzyna öwrülip, Kareýanyň ogly Ýohanana goşuldy.
15 Emma Netanýanyň ogly Ysmaýyl sekiz adamy bilen Ýohanandan gaçyp, ammonlaryň ýanyna gitdi.
16 Kareýanyň ogly Ýohanan ýanyndaky goşun serkerdeleri bilen aman galanlaryň hemmesini – esgerleri, aýallary, çagalary we köşk agtalaryny Gibgondan yzlaryna getirdi. Netanýanyň ogly Ysmaýyl Mispada Ahykamyň ogly Gedalýany öldüreninden soň, olary ýesir alypdy we Gibgona getiripdi.
17 Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler.
18 Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.