Nehemýa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 13

Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar.
2 Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi.
3 Halk bu kanuny eşidip, keseki milletlerden bolanlaryň baryny Ysraýyldan bölüp aýyrdy.
4 Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler.
5
6 Bu zatlar bolýan wagty men Iýerusalimde däldim, sebäbi Babyl patyşasy Artakserksiň otuz ikinji ýylynda men onuň ýanyna gitdim. Biraz wagt geçensoň, men patyşadan rugsat alyp, Iýerusalime dolandym.
7 Gelibem, Elýaşybyň Hudaýyň öýüniň howlularynda Tobyýa üçin bir otag taýynlap, nädogry iş edenligini eşitdim.
8 Muňa meniň gaty gaharym geldi. Tobyýanyň ähli öý goşlaryny otagdan çykaryp zyňdym.
9 Soňra men buýruk berip, otaglary tämizletdim. Onsoň bugdaý ondan birini, ybadathana gap-gaçlaryny, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini yzyna getirip goýdum.
10 Men lewileriň paýlarynyň berilmändigini hem eşitdim. Şonuň üçinem ybadathanada hyzmat eden lewiler we aýdymçylar öz ekin meýdanlaryna giden ekenler.
11 Men baştutanlary ýazgaryp, olardan: «Näme üçin Hudaýyň öýi terk edilipdir?» diýip soradym. Onsoň men lewileri we aýdymçylary ýygnap, olary öňki wezipelerine goýdum.
12 Soňra ähli ýahudalar ammarlara gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini getirdiler.
13 Ammarlara gözegçi edip, men Şelemýa ruhanyny, Sadok mürzäni lewilerdenem Pedaýany belledim. Olaryň kömekçisi edip, Matanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany goýdum. Çünki bularyň hemmesi dogruçyl adamlar saýylýardy. Indi olaryň borjy doganlarynyň hakyny paýlamakdy.
14 Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden ýagşy işlerimiň ählisini ýadyňa sal.
15 Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym.
16 Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar.
17 Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaý bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi?
18 Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.
19 Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum.
20 Şondan soň täjirler we dürli haryt satýanlar bir-iki sapar gijäni Iýerusalimiň daşynda geçirdiler.
21 Emma men olara: «Näme üçin gijäni diwaryň düýbünde geçirýärsiňiz? Eger ýene şeýle edäýseňiz, menden eýgilige garaşmaň!» diýip duýduryş berdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler.
22 Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!
23 Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudalary-da gördüm.
24 Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler, olar dürli halklaryň dillerinde gepleýärdiler.
25 Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!
26 Ysraýyl patyşasy Süleýman şeýle aýallar zerarly günä etmedimi näme? Köp milletleriň arasynda onuň ýaly patyşa ýokdy. Ol Hudaýyň halanydy. Hudaý ony bütin Ysraýylyň üstünden patyşa etdi, emma keseki milletden bolan aýallar oňa günä etdirdiler.
27 Indi biz siziň hem keseki milletlerden aýal alyp, şeýle pislik edip, Hudaýymyza biwepalyk edýändigiňiz barada eşitmelimi?»
28 Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.
29 Eý, Hudaýym, olaryň bu etmişini unutma. Çünki olar ruhanylyga ysnat getirdiler, ruhanylaryň we lewileriň ähtini bozdular.
30 Şeýdip, men halky kesekileriň täsirinden sapladym. Ruhanylar bilen lewileriň wezipelerini paýlaşdyryp, hersiniň etmeli işlerini belledim.
31 Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!