Nehemýa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 9

Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.
2 Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.
3 Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwrat kitabyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe ybadat etdiler.
4 Lewileriň sekisinde Ýeşuwa, Bany, Kadmyýel, Şebanýa, Bunny, Şerebýa, Bany we Kenany dagy durdular. Olar gaty ses bilen Hudaýy Rebbi çagyrdylar.
5 Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turup, Hudaýyňyz Rebbi ezelden ebedä çenli şöhratlaň! Ýa Hudaý Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»
6 Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we onuň üstündäki barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.
7 Ýa Beýik Hudaý, Ybramy saýlap, ony babyllaryň Ur galasyndan çykaryp, oňa Ybraýym adyny beren Sensiň.
8 Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.
9 Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziniň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň.
10 Fyrownyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.
11 Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.
12 Üstesine-de, olara gündizlerine bulut sütüni bilen ugur görkezip, gijelerine ot sütüni bilen ýöremeli ýollaryny ýagtyltdyň.
13 Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.
14 Öz mukaddes Sabat günüňi olara aýan etdiň. Guluň Musanyň üsti bilen olara tabşyryklar, parzlar we kanunlar berdiň.
15 Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.
16 Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.
17 Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Emma olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmagy ýüreklerine düwdüler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we wepaly söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.
18 –19 Hatda olar özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ynha, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň.
20 Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.
21 Olary kyrk ýyllap çölde eklediň, hiç zada zar etmediň. Olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary gabarmady.
22 Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler.
23 Nesillerini gögüň ýyldyzlary kimin köpeldip, olary eýelemäge bararsyňyz diýip atalaryna aýdan ýurduňa getirdiň.
24 Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlylary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.
25 Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan daş guýylary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.
26 Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.
27 Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.
28 Emma janlary aram tapan badyna, olar Seniň öňüňde ýene-de pislik etdiler. Sen olary duşmanlarynyň elinde galdyrdyň. Duşmanlary olaryň üstünden agalyk sürdüler. Ýöne olar ýene Saňa nalyş edenlerinde, Sen gökden olaryň nalasyna gulak saldyň. Rehimdarlygyň bilen olary ençeme gezek halas etdiň.
29 Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler, hökümleriňi ret etdiler. Hökümleri berjaý eden ýaşar. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.
30 Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.
31 Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.
32 Eý, ähtini we wepaly söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.
33 Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik.
34 Patyşalarymyz, baştutanlarymyz, ruhanylarymyz we ata-babalarymyz Seniň kanunyňy tutmadylar. Seniň beren tabşyryklaryňa, duýduryşlaryňa gulak asmadylar.
35 Olar öz patyşalyklarynda, Seniň beren bolçulygyňda, Seniň beren giň we mes toprakly mekanyňda Saňa gulluk etmediler, öz pis işlerinden el çekmediler.
36 Ine, biz şu güne çenli guldurys. Miwesini, nygmatyny iýsinler diýip ata-babalarymyza beren ýurduňda biz guldurys.
37 Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň, mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».
38 Bu zatlaryň hemmesi üçin biz Seniň bilen ýazmaça berk äht edişýäris. Bu möhürli hata baştutanlarymyzyň, lewilerimiziň we ruhanylarymyzyň atlary ýazylýar.