Bap 4
Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, ol gaty gaharlandy we gazap donuny geýip, ýahudalaryň üstünden gülmäge başlady.
2 Sanballat öz ýaranlarynyň we Samarýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudalar näme edip ýörler? Olar näme hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan bina galdyraýjaklarmyka?»
3 Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»
4 Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber!
5 Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler.
6 Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.
7 Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.
8 Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.
9 Onsoň biz öz Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz garawul goýduk.
10 Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler.
11 Duşmanlarymyz hem: «Üstlerine baranymyzy duýmankalar, biz olary öldürip, işi togtadarys» diýýärmişler.
12 Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudalar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar.
13 Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym.
14 Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»
15 Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk.
16 Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular.
17 Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular.
18 Gurluşykçylaryň hemmesiniň işleýärkäler-de billeri gylyçlydy. Surnaýçy bolsa meniň ýanymda durdy.
19 Men beglere, baştutanlara we halkyň galanyna: «Iş köp we onuň gerimi giň, diwaryň üstünde biz dagynyk we biri-birimizden uzak.
20 Şonuň üçin siz surnaý sesini eşiden badyňyza biziň ýanymyza ýygnanyşyň. Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýdim.
21 Şeýdip, biz her gün daň atandan gün batýança işledik, adamlaryň ýarysy naýzalar göterdi.
22 Şol wagt men ýene-de halka ýüzlenip: «Gije bizi gorap, gündizem işlär ýaly, goý, her kim öz hyzmatkäri bilen Iýerusalimde gije ýatymlyk galsyn» diýdim.
23 Şeýdip, ne men, ne garyndaşlarym, ne hyzmatkärlerim, ne-de yzymdaky janpenalarym – hiç birimiz eşigimizi çykarmadyk. Ýaraglarymyz hem sag elimizdedi.