Bap 7
Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi.
2 Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.
3 Men olara şeýle tabşyryk berdim: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezeleri açylmasyn. Gün ýaşan çagy, entek derwezebanlar nobatçylykdan gitmänkäler, gapylary gulplasynlar. Iýerusalimiň ilatyndan garawullar goýuň; olaryň käbiri öz goramaly ýerlerinde we beýlekileri bolsa öz öýleriniň öňünde bolsunlar».
4 Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy.
5 Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy:
6 Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilenleriň nesillerinden Iýerusalimdäki we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp gelenleri, ine, şulardy:
7 Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa, Azarýa, Ragamýa, Nahamany, Mordekaý, Bilşan, Misperet, Bigwaý, Nehum we Bagana dagy bilen geldiler. Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sany:
8 Paroşyň nesilleri: iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam;
9 Şepatýanyň nesilleri: üç ýüz ýetmiş iki adam;
10 Aranyň nesilleri: alty ýüz elli iki adam;
11 Ýeşuwanyň we Ýowabyň neslinden – Pahatmowabyň nesilleri: iki müň sekiz ýüz on sekiz adam;
12 Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam;
13 Zatunyň nesilleri: sekiz ýüz kyrk bäş adam;
14 Zakaýyň nesilleri: ýedi ýüz altmyş adam;
15 Binnuýyň nesilleri: alty ýüz kyrk sekiz adam;
16 Bebaýyň nesilleri: alty ýüz ýigrimi sekiz adam;
17 Azgadyň nesilleri: iki müň üç ýüz ýigrimi iki adam;
18 Adonykamyň nesilleri: alty ýüz altmyş ýedi adam;
19 Bigwaýyň nesilleri: iki müň altmyş ýedi adam;
20 Adiniň nesilleri: alty ýüz altmyş bäş adam;
21 Ateriň, ýagny Hizkiýanyň nesilleri: togsan sekiz adam;
22 Haşumyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi sekiz adam;
23 Bezaýyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi dört adam;
24 Harybyň nesilleri: bir ýüz on iki adam;
25 Gibgonyň nesilleri: togsan bäş adam;
26 Beýtullahamyň we Netopanyň ýaşaýjylary: bir ýüz segsen sekiz adam;
27 Anotodyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi sekiz adam;
28 Beýtazmawediň ýaşaýjylary: kyrk iki adam;
29 Kirýat Ýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň ýaşaýjylary: ýedi ýüz kyrk üç adam;
30 Ramanyň we Gebanyň ýaşaýjylary: alty ýüz ýigrimi bir adam;
31 Mikmaşyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi iki adam;
32 Beýteliň we Aýyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi üç adam;
33 Beýleki Nebonyň ýaşaýjylary: elli iki adam;
34 Beýleki Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam;
35 Harymyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi adam;
36 Ýerihonyň nesilleri: üç ýüz kyrk bäş adam;
37 Loduň, Hadydyň we Ononyň nesilleri: ýedi ýüz ýigrimi bir adam;
38 Senanyň nesilleri: üç müň dokuz ýüz otuz adam.
39 Ruhanylar: Ýeşuwanyň kowmundan Ýedagýanyň nesilleri: jemi dokuz ýüz ýetmiş üç adam;
40 Immeriň nesilleri: bir müň elli iki adam;
41 Paşhuryň nesilleri: bir müň iki ýüz kyrk ýedi adam;
42 Harymyň nesilleri: bir müň on ýedi adam;
43 lewiler: Hodawýanyň nesilleri, ýagny Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri: ýetmiş dört adam;
44 aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz kyrk sekiz adam;
45 derwezebanlar: Şallumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň, Hatytanyň, Şobaýyň nesilleri: bir ýüz otuz sekiz adam;
46 ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň,
47 Kerosyň, Siganyň, Padonyň,
48 Lebananyň, Hagabanyň, Şalmaýyň,
49 Hananyň, Gideliň, Gaharyň,
50 Reýaýanyň, Resiniň, Nekodanyň,
51 Gazamyň, Uzanyň, Paseýanyň,
52 Besaýyň, Megunymyň, Nepuşesimiň,
53 Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň,
54 Baslutyň, Mehidanyň, Harşanyň,
55 Barkosyň, Siseranyň, Temanyň,
56 Nesiýanyň, Hatypanyň nesilleri;
57 Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesillerinden: Sotaýyň, Soperetiň, Peridanyň,
58 Ýaglanyň, Darkonyň, Gideliň,
59 Şepatýanyň, Hatylyň, Pokeret-Hasebaýymyň we Amonyň nesilleri.
60 Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy.
61 Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Immerden çykanlar, ýöne öz uruglaryny, öz aslyny ýa-da özleriniň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikler şulardy:
62 Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesilleri: alty ýüz kyrk iki adam;
63 şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri.
64 Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar.
65 Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany gelýänçä, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.
66 –67 Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz kyrk bäş erkek we aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy.
68 –69 Olaryň dört ýüz otuz bäş düýesi we alty müň ýedi ýüz ýigrimi sany-da eşegi bardy.
70 Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi.
71 Käbir urugbaşylar bolsa gurluşyk gaznasyna sekiz ýarym batman töweregi altyn, altmyş bäş batman kümüş berdiler.
72 Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy.
73 Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar. Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar.