Bap 1
Hakalýanyň ogly Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi. Pars patyşasy Artakserksiň patyşalyk etmeginiň ýigriminji ýylynyň Kislew aýynda men Suza galasyndadym.
2 Doganlarymyň biri bolan Hanany birnäçe adam bilen Ýahudadan geldi. Men olardan ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudalar hakda we Iýerusalim hakda soradym.
3 Olar maňa: «ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudalar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.
4 Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, Gökdäki Hudaýdan dileg etdim.
5 Men şeýle diýdim: «Eý, Gökdäki Hudaý Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem wepaly söýgüňi saklaýaň.
6 Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.
7 Biz Seniň guluň Musa beren tabşyryklaryňy, parzlaryňy, hökümleriňi berjaý etmän, Seniň garşyňa juda erbet iş etdik.
8 Guluň Musa:
9 „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal.
10 Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.
11 Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň şerap guýýançysydym.