Bap 10
Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle – erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.
2 Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar.
3 Şonuň üçinem indi, jenabymyň we Hudaýymyzyň tabşyryklaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty bilen bu aýallaryň ählisini we olaryň çagalaryny kowjakdygymyz barada öz Hudaýymyz bilen äht edişeliň. Goý, bu iş kanun boýunça ýerine ýetirilsin.
4 Işe giriş, bu seniň borjuňdyr, biz hem seniň bilendiris. Mert bol-da, bu işi amala aşyr» diýdi.
5 Onsoň Ezra ýerinden turup, ruhanylara, lewilere we bütin ysraýyl halkyna, olaryň şu aýdylany berjaý etjekdiklerine ant içirdi. Şeýdip, olaryň hemmesi ant içdiler.
6 Soňra Ezra Hudaýyň öýüniň öňünden gaýdyp, Elýaşybyň ogly Ýehohananyň öýüne bardy. Ol sürgünden gaýdyp gelenleriň biwepalygy üçin ýas tutup, gijäni çörek iýmän, suw içmän geçirdi.
7 Sürgünden gelenleriň ählisiniň Iýerusalime ýygnanmalydygy barada Ýahudada we Iýerusalimde jar çekildi.
8 Eger kimde-kim üç günüň içinde Iýerusalime gelmese, baştutanlaryň we ýaşulularyň buýrugy boýunça, olaryň ähli emlägi ellerinden alnyp, olaryň özleri hem sürgünden gelen halkyň arasyndan çykaryljakdyr diýlip yglan edildi.
9 Onsoň Ýahudanyň we Benýaminiň ähli adamlary üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandylar. Bu dokuzynjy aýyň ýigriminji günüdi. Ähli adamlar bu işiň wajyplygyndan we güýçli ýagyşdan ýaňa galpyldaşyp, Hudaýyň ybadathanasynyň öňündäki açyk meýdançada oturdylar.
10 Onsoň ruhany Ezra ýerinden galyp, olara: «Siz keseki halklardan bolan aýallara öýlenip günä etdiňiz. Siz Ysraýylyň ýazygyny artdyrdyňyz.
11 Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi.
12 Muňa bütin mähelle gaty ses bilen şeýle jogap berdi: «Dogry, biz seniň aýdanlaryňy hökman ýerine ýetirmelidiris.
13 Ýöne halk köp, bu wagt ýagyşam ýagyp dur, biziň daşarda durara mejalymyz galmady. Bu işem bir ýa iki günüň işi däl, çünki bu babatda biziň köpimiz günä gazandyk.
14 Goý, biziň baştutanlarymyz bütin mähelläniň adyndan işe girişsin. Bu iş zerarly Hudaýymyzyň gahar–gazaby biziň üstümizden sowulýança, galalarymyzda başga milletlerden aýal alanlaryň bary öz galalarynyň ýaşululary we häkimleri bilen bile bellenen wagtda gelsinler».
15 Muňa diňe Asaheliň ogly Ýonatan bilen Tikwanyň ogly Ýahzeýa garşy boldular. Meşullam bilen lewi tiresinden bolan Şabetaý hem olary goldadylar.
16 Onsoň sürgünden gaýdyp gelenler hem olaryň yzyna eýerdiler. Ruhany Ezra uruglaryna görä urugbaşylary saýlady. Olaryň hemmesiniň atlary tutulyp saýlanyldy. Onunjy aýyň birine olar bu işi barlamaga girişdiler.
17 Birinji aýyň birine çenli keseki halklardan aýal alan erkeklere degişli bolan bu barlag işini gutardylar.
18 Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr: Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa.
19 Olar aýallaryny aýyrjakdyklaryna ant içip, ýazyklary üçin sürüden bir goç alyp, ýazyk gurbanlygyny berdiler.
20 Immeriň nesillerinden Hanany we Zebadýa;
21 Harymyň nesillerinden Magaseýa, Eliýa, Şemagýa, Ýehiýel we Uzyýa;
22 Paşhuryň nesillerinden: Elýogeýnaý, Magaseýa, Ysmaýyl, Netanel, Ýozabat we Elgasa.
23 Lewilerden Ýozabat, Şimgi, Kelaýa (bu Kelitadyr), Petahýa, Ýahuda we Eligezer;
24 aýdymçylardan: Elýaşyp; derwezebanlardan: Şallum, Telem we Ury.
25 Beýleki ysraýyllardan, Paroş nesillerinden Ramýa, Ýiziýa, Malkyýa, Miýamyn, Elgazar, Malkyýa we Benaýa;
26 Eýlamyň nesillerinden Matanýa, Zakarýa, Ýehiýel, Abdy, Ýeremot we Eliýa;
27 Zatunyň nesillerinden Elýogeýnaý, Elýaşyp, Matanýa, Ýeremot, Zabat we Azyza;
28 Bebaýyň nesillerinden Ýehohanan, Hananýa, Zabaý we Atlaý.
29 Banynyň nesillerinden Meşullam, Malluk, Adaýa, Ýaşup, Şeýal we Ýeremot;
30 Pahatmowabyň nesillerinden Adna, Kelal, Benaýa, Magaseýa, Matanýa, Besalel, Binnuý we Manaşe;
31 Harymyň nesillerinden Eligezer, Ýişiýa, Malkyýa, Şemagýa, Şimgon, Benýamin, Malluk we Şemarýa;
32
33 Haşumyň nesillerinden Matenaý, Matata, Zabat, Elipelet, Ýeremaý, Manaşe we Şimgi;
34 Banynyň nesillerinden Magadaý, Imran, Uwel, Benaýa, Bedeýa, Keluhu, Wanyýa, Meremot, Elýaşyp, Matanýa, Matenaý, Ýagasaý;
35
36
37
38 Binnuýyň nesillerinden Şimgi, Şelemýa, Natan, Adaýa, Maknadebaý, Şaşaý, Şaraý, Azarel, Şelemýa, Şemarýa, Şallum, Amarýa we Ýusup;
39
40
41
42
43 Nebonyň nesillerinden Ýegiýel, Matytýa, Zabat, Zebina, Ýadaý, Ýowel we Benaýa.
44 Bularyň hemmesi keseki milletlerden aýal alypdylar. Käbirleriniň olardan çagalary-da bardy.