Bap 7
Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy.
2-6 Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.
7 Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar.
8 Ezra Artakserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynda Iýerusalime geldi.
9 Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi.
10 Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.
11 Artakserks patyşanyň Rebbiň tabşyryklaryndan we Onuň ysraýyl halkyna beren parzlaryndan oňat baş çykarýan ruhanysy, Ezra mürzä ýazan hatynyň nusgasy şeýledir:
12 «Patyşalar patyşasy Artakserksden Gökdäki Hudaýyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam bolsun.
13 Men buýruk berýärin, ýurdumdaky ysraýyl halkyndan ýa olaryň ruhanylaryndan, ýa-da lewilerden öz meýli bilen Iýerusalime gitmek isleýän her bir adam seniň bilen gidip biler.
14 Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin,
15 patyşa we onuň geňeşçileriniň Iýerusalimde mesgen tutýan Ysraýyl Hudaýyna meýletin beren altyndyr kümşüni äkitmek üçin,
16 bütin Babyl welaýatyndan tapjak altyndyr kümşüňi we öz Hudaýlarynyň Iýerusalimdäki öýi üçin ruhanylaryň, halkyň beren meýletin sadakalaryny alyp gitmek üçin iberilýärsiň.
17 Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.
18 Galan altyndyr kümşi öz doganlaryň bilen Hudaýyňyzyň islegine görä, näme göwnüňize jaý bolsa, şoňa ulanyp bilersiňiz.
19 Hudaýyň öýüniň hyzmaty üçin özüňe berlen gap-gaçlary hem Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýynyň huzuryna eltip goý.
20 Öz Hudaýyň öýüniň galan zerurlyklaryny, ýagny üpjün etmeklik seniň boýnuňa düşen zatlary şanyň hazynasyndan berip bilersiň.
21 Men patyşa Artakserks, Perat derýasynyň aňyrsyndaky ähli hazynadarlara buýruk berýärin! Gökdäki Hudaýyň kanunyny ýazýan Ezra ruhana näme gerek bolsa, ony dessine berjaý ediň.
22 Ýüz ýetmiş batmana çenli kümüş, ýedi ýüz elli batmana çenli bugdaý, otuz meşik şerap, otuz gorküýze ýag hem-de hasapsyz duz berilsin.
23 Patyşanyň we onuň ogullarynyň başyna gazap inmez ýaly, Gökdäki Hudaý tarapyndan Hudaýyň öýi barada näme tabşyryk berilse, ol doly berjaý edilsin.
24 Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.
25 Sen bolsa Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret.
26 Kim seniň Hudaýyňyň kanunydyr patyşanyň kanunyna boýun egmese, oňa berk temmi berilsin. Ol ölüme höküm edilsin ýa-da sürgün edilsin, onuň emlägi elinden alynsyn ýa-da ol zyndana taşlansyn!»
27 Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun.
28 Ol patyşanyň, onuň geňeşçileriniň we ähli güýçli begzadalarynyň huzurynda maňa merhemetini eçdi. Hudaýym Rebbiň goldawyndan ruhlanyp, meniň bilen Iýerusalime dolanmaklary üçin Ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.