Bap 1
Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.
2 Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi.
3 Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Midiýanyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
4 Ol ýüz segsen günläp patyşalygynyň egsilmez baýlyklaryny, öz belent mertebesini we şöhratyny görkezdi.
5 Şol günler geçenden soň, Suza galasynda baý-garyp diýmän bütin halk üçin köşgüň howlusyndaky bagda patyşa ýedi günläp meýlis gurady.
6 Bagda gyrmyzy zygyr ýüpler bilen kümüş halkajyklara we mermer sütünlere berkidilen ak we mawy reňkli perdeler asylgydy. Sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýerde goýlan çarpaýalar altyn–kümüşdendi.
7 Şol ýere gelen adamlara biri-birinden üýtgeşik bolan altyn pyýalalarda patyşanyň baýlygyna laýyk şa şerabyndan bolelinlikde berildi.
8 Şerap diýseň boldy. Patyşa myhmanlara isledikleriçe şeraby gaýgyrman bermekligi öz hyzmatkärlerine buýurdy.
9 Şa aýaly Waşty hem Kserks patyşanyň köşgünde aýallar üçin meýlis gurady.
10 Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy.
11 Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.
12 Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.
13 Kanuny we höküm çykarylyşy oňat bilýän adamlardan maslahat soramak adat bolansoň, patyşa şol döwri oňat bilýän akyldarlardan maslahat sorady.
14 Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Midiýanyň ýedi begi Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler.
15 Patyşa olardan: «Kserks patyşanyň agtalary arkaly beren tabşyrygyny ýerine ýetirmändigi üçin, şa aýaly Waşta kanuna görä nähili çäre görmeli?» diýip sorady.
16 Soňra Memukan patyşanyň we begleriň öňünde şeýle diýdi: «Şa aýaly Waşty diňe patyşa garşy däl-de, eýsem patyşa Kserksiň ähli welaýatlaryndaky hemme han-beglere we halka garşy gabahat iş etdi.
17 Çünki şa aýalyň bu hereketini ähli aýallar eşiderler, şunlukda, olar hem öz ärlerini kemsidip, olara ýigrenç bilen seredip başlarlar. Olar: „Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň öz huzuryna getirilmegini buýurdy, emma ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy“ diýerler.
18 Hut şol günüň özünde şa aýalyň bu hereketini eşiden Pars we Midiýa begleriniň aýallary patyşanyň beglerine gulak asmazlar. Bu olarda ýigrenç, gahar-gazap döreder.
19 Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we midiýalaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.
20 Şeýdip, patyşanyň çykaran permany onuň bütin patyşalygynda yglan edilse, baýu-garyp ähli aýallar öz ärlerine hormat goýarlar».
21 Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi.
22 Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.