Ester

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10


Bap 4

Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.
2 Ol patyşa köşgüniň derwezesine çenli geldi, çünki jul geýnen adam derwezeden içeri girmeli däldi.
3 Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudalar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.
4 Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi.
5 Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy.
6 Hatak patyşanyň derwezesiniň öňündäki şäher meýdançasyna, Mordekaýyň ýanyna gitdi.
7 Mordekaý oňa özi bilen bolup geçen zatlaryň barysy barada hem-de ýahudalary ýok etmek üçin Hamanyň patyşanyň hazynasyna goýmagy wada beren kümşüniň mukdaryna çenli aýdyp berdi.
8 Şeýle hem, Mordekaý özlerini derbi-dagyn etmek baradaky Suzada çykarylan permanyň ýazuw nusgasyny Estere görkezip, düşündirmegi üçin Hataga berdi. Ol Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegini sorap, öz adamlary üçin oňa ýalbarmagyny tabşyrmaklygy Hatakdan haýyş etdi.
9 Hatak Esteriň ýanyna gidip, Mordekaýyň ähli tabşyryklaryny oňa aýtdy.
10 Soňra Ester Hatak bilen gepleşip, ondan Mordekaýa şeýle habar iberdi:
11 «Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».
12 Olar Esteriň sözlerini Mordekaýa aýtdylar.
13 Mordekaý hem Estere olardan şeýle jogap iberdi: «Patyşanyň köşgünde bolanyň üçin bar ýahudalaryň içinden ýeke özüň aman galaryn öýtme.
14 Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudalar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!»
15 Soňra Ester Mordekaýa şeýle jogap beriň diýdi:
16 «Bar, Suzadaky ähli ýahudalary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».
17 Soňra Mordekaý gidip, hemme zady Esteriň tabşyryşy ýaly etdi.