Bap 5
Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.
2 Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi.
3 Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi.
4 Ester oňa: «Eger patyşa oňlasa, şa we Haman şu gün meniň patyşa üçin guran meýlisime gelsinler» diýip jogap berdi.
5 Soňra patyşa: «Esteriň islegini bitirmek üçin, Hamany tiz getiriň» diýdi. Şeýlelikde, patyşa we Haman Esteriň guran meýlisine geldiler.
6 Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa berler» diýdi.
7 Ester: «Meniň dilegim, islegim şudur:
8 „Eger men patyşanyň göwnünden turan bolsam, patyşa dilegimi bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi oňlasa, patyşa bilen Haman ertir meniň olar üçin gurjak meýlisime gelsinler. Men ertir patyşanyň soragyna jogap bererin“» diýdi.
9 Şol gün Haman şadyýan, göwnühoş bolup çykyp gaýtdy. Emma patyşa köşgüniň derwezesinde, Mordekaýyň özünden heder edip, ýerinden turmandygyny görende, Haman Mordekaýa garşy gahar-gazapdan doldy.
10 Muňa garamazdan, Haman özüni saklap, öýüne gaýtdy. Ol öýüne dostlaryny çagyryp, aýaly Zereşiň hem olara goşulmagyny sorady.
11 Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.
12 Haman gürrüňiniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: «Hatda şa aýaly Ester hem öz guran meýlisine patyşa bilen birlikde menden başga hiç kimi çagyrmady. Men ertir hem patyşa bilen birlikde onuň meýlisine çagyryldym.
13 Ýöne patyşanyň köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudany görenimde, bu zatlaryň hemmesi puja çykýar».
14 Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.