Bap 8
Hut şol günüň özünde Kserks patyşa ýahudalaryň duşmany bolan Hamanyň emlägini şa aýaly Estere berdi. Mordekaý hem patyşanyň huzuryna geldi, çünki Ester onuň özüne nähili garyndaş bolýandygy barada patyşa aýdypdy.
2 Patyşa Hamandan yzyna alan möhür ýüzügini çykaryp, Mordekaýa berdi. Ester Mordekaýy Hamanyň bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip goýdy.
3 Ester ýene-de patyşanyň aýagyna ýykylyp, aglap, oňa ýalbaryp, ondan agak tiresinden bolan Hamanyň ýahudalara garşy guran wagşyçylykly hilesini ýatyrmagyny sorady.
4 Patyşa Estere altyn hasasyny uzatdy.
5 Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurunda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudalary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.
6 Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»
7 Soňra Kserks patyşa şa aýaly Estere we Mordekaý ýahuda şeýle diýdi: «Ine, men Hamanyň emlägini Estere berdim. Onuň özüni hem dardan asdyrdym, çünki ol ýahudalara el galdyrdy.
8 Siz-de ýahudalar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez».
9 Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudalara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudalara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.
10 Mordekaý ony Kserks patyşanyň adyndan ýazyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhür basyp, hatlary patyşa üçin ýörite seýislenen, onuň hyzmatyndaky ýyndam atlara atlanan çaparlardan ýollady.
11 Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudalara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudalaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy.
12 Muny şeýle etmek üçin Kserks patyşanyň bütin welaýatlarynda ýahudalar üçin bir gün – on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçi güni bellenildi.
13 Ähli ýazylan zatlaryň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi. Ýahudalar şol gün öz duşmanlaryndan öç almaga taýýarlykly bolmalydylar.
14 Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyndam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.
15 Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we sowsany matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.
16 Bu ýahudalar üçin bagt hem şatlyk, begenç hem hormatdy.
17 Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudalar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudalardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudalara goşuldylar.