Ester

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10


Bap 9

On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudalaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudalar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.
2 Ýahudalar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudalar tarapyndan gorky howpy abanypdy.
3 Welaýatlaryň ähli han-begleri, hökümdarlary, häkimleri hem-de patyşanyň iş dolandyryjylary Mordokaýdan gorkularyna ýahudalara ýardam etdiler.
4 Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at-abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy.
5 Şeýdip, ýahudalar ähli duşmanlaryny gylyçdan geçirdiler, öldürdiler, ýok etdiler. Özlerini ýigrenýänlere islänini etdiler.
6 Ýahudalar Suza galasynda bäş ýüz adamy öldürip, bütinleý ýok etdiler.
7 –10 Şeýle hem, olar ýahudalaryň duşmany bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň on ogluny: Parşandatany, Dalpony, Aspatany, Poratany, Adalýany, Arydatany, Parmaştany, Arysaýy, Aridaýy, Waýzatany öldürdiler, emma olar olja el urmadylar.
11 Hut şol günüň özünde Suza galasynda öldürilenleriň sany barada patyşa maglumat berdiler.
12 Patyşa şa aýaly Estere şeýle diýdi: «Ýahudalar Suza galasynda bäş ýüz adamy hem-de Hamanyň on ogluny öldüripdirler. Kim bilýär, olar patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, nämeler edendirler! Indi näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Ýene näme islegiň bar? Ol ýerine ýetiriler».
13 Ester: «Eger patyşa muny oňlasa, Suzadaky ýahudalara şu günki permany ertir hem ýerine ýetirmäge rugsat etsin. Hamanyň on ogly dardan asylsyn» diýdi.
14 Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.
15 Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudalar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
16 Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudalar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
17 Bu waka Adar aýynyň on üçüne boldy. On dördünji güni olar dynç alyp, şol gün toý-meýlis gurup şatlandylar.
18 Suzadaky ähli ýahudalar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar.
19 Şonuň üçin daşy diwarsyz obalarda ýaşaýan ýahudalar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler.
20 Mordekaý bu zatlary ýazyp, Kserks patyşanyň ýakynda we uzakda ýerleşen welaýatlaryndaky ähli ýahudalara hatlar ýollady.
21 –22 Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudalaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynçylykdan şatlyga, ýasdan baýramçylyga öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.
23 Şeýdip, ýahudalar eýýäm başlan zatlaryny edil Mordekaýyň özlerine ýazyşy ýaly, ýerine ýetirmegi öz üstlerine aldylar.
24 Çünki ähli ýahudalaryň duşmany bolan Hammedatanyň ogly agak tiresinden bolan Haman ýahudalary ýok etmek üçin, olara garşy hile gurapdy, olaryň baryny heläk etmek üçin pur, ýagny bije atypdy.
25 Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudalara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.
26 –27 Şol sebäpli bu günleri «pur» sözüne görä, Purym diýip atlandyrdylar. Şonuň üçin şu hatda ýazylan ähli zatlar, gören hem-de başlaryna gelen zatlar zerarly, ýahudalar däp-dessurlary dikeltmekligi öz üstlerine aldylar. Olaryň nesilleri we olara goşulanlar her ýyl bu iki güni ýazylyşy we bellenen wagtyndaky ýaly edip yzygiderli geçirmelidiler.
28 Her bir maşgalanyň geljekki nesillerinde, her bir welaýatda, her bir şäherde şu günler ýatlanylyp, bellenilmelidi. Ýahudalaryň arasynda bu Purym günleri yzygiderli bellenilmelidir we şu günler olaryň nesilleriniň arasynda hem ýatdan çykarylmaly däldir.
29 Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester Mordekaý ýahuda bilen Purym hakyndaky bu ikinji haty doly ygtyýarlylykda tassyklap ýazdylar.
30 Kserksiň höküm edýän ýüz ýigrimi ýedi welaýatyndaky ähli ýahudalara parahatçylykly we ynamly sözler bilen hatlar ýollanyldy.
31 Hatlarda Purym günlerini öz bellenen wagtynda geçirmeklik buýruk berilýärdi. Mordekaý ýahuda bilen şa aýaly Esteriň edil özleri we öz nesilleri üçin agyz beklemä we perýada degişli kada-kanunlary dikeldişleri ýaly, olar indi ýahudalar üçin kada-kanunlary dikeltdiler.
32 Şa aýaly Esteriň buýrugy boýunça, Purym günlerine degişli bolan kada-kanunlar tassyklanylyp, ýazga geçirildi.