Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 24

Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.
2 Soňra Ýeşuwa ähli halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň ata-babalaryňyz mundan köp ýyl öň Perat derýasynyň boýunda ýaşap, başga hudaýlara gulluk etdiler. Olaryň biri hem Ybraýym bilen Nahoryň kakasy Terady.
3 Emma Men ataňyz Ybraýymy Perat derýasynyň boýundan äkidip, tutuş Kenganyň ýerini berdim we onuň neberelerini köpeltdim. Men oňa Yshak diýen bir ogul berdim.
4 Yshaga hem Ýakup bilen Ysawy berdim. Men Ysawa Segir daglygyny mülk berdim, ýöne Ýakup nesilleri bilen Müsüre gitdi.
5 Soňra Men Musa bilen Haruny Müsüre iberdim we olaryň arasynda eden ähli bela-beterlerim bilen müsürlilere göz görkezdim. Şondan soň sizi ol ýerden alyp çykdym.
6 Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykanymda, siz deňze geldiňiz. Müsürliler at-arabalary we atlylary bilen siziň ata-babalaryňyzyň yzyndan Gyzyl deňzine çenli kowaladylar.
7 Şonda ysraýyllar perýat edip, Men-Rebden kömek sorap ýalbaranlarynda, Men olar bilen müsürlileriň aralygyny tüm-garaňkylyga gapladym. Men müsürlileriň üstüni deňziň suwy bilen örtdüm. Siz Meniň müsürlilere näme edenimi öz gözleriňiz bilen gördüňiz. Soňra siz uzak wagtlap çölde ýaşadyňyz.
8 Şeýdip, Men sizi Iordanyň gündogarynda ýaşaýan amorlaryň ýerine getirdim. Olar siziň garşyňyza uruşdylar, emma Men olary siziň eliňize berdim. Men olary siziň öňüňizde gyryp taşladym we siz olaryň ýerlerini özüňize mülk aldyňyz.
9 Mowabyň hany Sipor ogly Ballak Ysraýyla garşy uruşmaga taýýarlananda, ol Begor ogly Bilgama sizi näletlemek üçin habar iberdi.
10 Emma Men Bilgama gulak asmadym, şeýlelikde, ol ýene-de size ak pata berdi we Men sizi Ballagyň elinden halas etdim.
11 Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.
12 Men iki amor hanyny howsala salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykardym. Siz olary öz gylyçlaryňyz bilen ýa-da ok-ýaýlaryňyz bilen ýeňmediňiz.
13 Men size öz zähmetiňizi siňdirmedik ýerleriňizi we öz gurmadyk galalaryňyzy berdim, häzir siz ol ýerlerde ýaşap ýörsüňiz. Siz öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzyň miwelerinden iýip ýörsüňiz“.
14 Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden we yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Perat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.
15 Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Perat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».
16 Soňra adamlar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!
17 Hudaýymyz Rebbiň Özi bizi we ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan alyp çykdy we gözümiziň alnynda köp gudratly işleri etdi. Biziň ýöräp geçen bütin ýollarymyzda, ähli milletleriň arasynda Reb biziň janymyzy aman saklady.
18 Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».
19 Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.
20 Eger siz Rebbi terk edip, keseki hudaýlara gulluk etseňiz, onda Ol size öň köp ýagşylyklar eden hem bolsa, sizden ýüz öwrer, näletläp, sizi ýok edip taşlar» diýdi.
21 Adamlar Ýeşuwa: «Ýok! Biz Rebbe gulluk ederis!» diýdiler.
22 Soňra Ýeşuwa ýene-de olara: «Rebbe gulluk etmegi saýlap alandygyňyza siziň özüňiz hakyky şaýatsyňyz» diýdi. Olar hem: «Hawa, biz şaýatdyrys!» diýip jogap berdiler.
23 Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Indi öz araňyzdaky keseki hudaýlary aýryp taşlaň we Ysraýyl Hudaýy Rebbe ak ýürekden baş egiň» diýdi.
24 Halk oňa: «Hawa, biz Hudaýymyz Rebbe gulluk ederis we Onuň sözüne boýun egeris!» diýdi.
25 Şeýlelikde, Ýeşuwa şol gün adamlar bilen äht baglaşdy we Şekemde olar üçin parzlar we düzgünler çykardy.
26 Ýeşuwa şeýle hem bu sözleri Hudaýyň Kanun kitabyna ýazdy. Soňra ol äpet bir daşy alyp, Rebbiň mukaddes ýerindäki dub agajynyň düýbünde goýdy.
27 Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.
28 Soňra Ýeşuwa halkyň hersini öz mülk ýerine iberdi.
29 Bu wakalardan soň Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi.
30 Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, özüniň mülk ýeri bolan Timnatserahda jaýladylar.
31 Ýeşuwanyň ýaşan ähli döwründe we ol ölenden soň hem ömür sürüp, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň günlerinde-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi.
32 Ysraýyllar Ýusubyň jesedini Müsürden çykaryp, Şekeme getiripdiler. Olar ony Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan Ýakubyň ýüz teňňä satyn alan ýerinde jaýladylar. Ol ýer Ýusubyň nesilleriniň mülk ýeri bolup galdy.
33 Harunyň ogly Elgazar hem öldi, ony Efraýym daglygynda, öz ogly Pinehasyň Gibga galasynda jaýladylar.