Bap 11
Hasor hany Ýabyn ysraýyllaryň bu ýeňişleri hakynda eşidende, Madonyň hany Ýobaba, Şimron hanyna we Akşap hanyna,
2 şeýle hem, demirgazyk daglyklarda ýaşaýan hanlara, Kinnerediň günortasyndaky Araba düzlüginde, günbatar baýyrlykda we günbatar Napotdorda ýaşaýan hanlara,
3 gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi.
4 Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge owuntygy ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.
5 Ol hanlaryň hemmesi ysraýyllara garşy söweşmek üçin bir güýje birleşdiler we Merom çeşmesiniň ýanynda düşelge gurdular.
6 Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.
7 Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli urşujylar bilen bile Merom çeşmesine duýdansyz gelip, olaryň üstüne çozdy.
8 Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.
9 Ýeşuwa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwdi, at-arabalaryny bolsa otlady.
10 Şol wagtyň özünde Ýeşuwa yzyna dolanyp gelip, Hasory basyp aldy we onuň hanyny gylyçdan geçirdi. (Hasor şol wagtky hanlyklaryň iň beýigidi).
11 Şeýle hem, ysraýyllar onuň içindäki ähli ýaşaýjylary gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler, ol ýerde ýekeje-de diri janly-jandar galdyrmadylar. Hasor galasyny bolsa oda berdiler.
12 Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.
13 Ysraýyllar Ýeşuwanyň otlan Hasor galasyndan başga, depelerde gurlan galalaryň hijisini otlamadylar.
14 Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.
15 Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýruypdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.
16 Şeýdip, Ýeşuwa şu ähli ýerleri: daglyklary, tutuş Negep çölüni, Goşeniň ähli ýerini, günbatar baýyrlyklary, Araba düzlügini we Ysraýyl daglyklaryny baýyrlary bilen,
17 Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.
18 Ýeşuwa ol hanlaryň hemmesi bilen uzak wagtlap urşupdy.
19 Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga, ýekeje gala-da ysraýyllar bilen ýaraşyk baglaşmady. Beýlekileriň hemmesini söweşip aldylar.
20 Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.
21 Şol wagt Ýeşuwa gidip, daglyklarda ýaşaýan anaklary gyrdy. Ýeşuwa Hebronda, Debirde, Anapda, tutuş Ýahuda we Ysraýyl daglyklarynda ýaşaýan anaklary galalary bilen birlikde bütinleý ýok etdi.
22 Ysraýyllaryň ýerinde anaklardan ýekejesi hem galmady. Diňe Gazada, Gatda we Aşdotda olaryň ýeke-tüki galdy.
23 Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.