Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 16

Ýusubyň nesilleriniň paýyna bije boýunça Ýerihonyň golaýyndaky Iordandan Ýeriho çeşmesiniň gündogaryna çenli bolan ýerler we Ýerihodan başlanyp, Beýtel daglygyna uzalyp gidýän çöllük düşdi.
2 Araçäk Beýtelden Luza çykyp, Atarotda ýaşaýan arkylaryň ýerine çenli barýar.
3 Soňra ol günbatara tarap aşak düşüp, ýapletleriň araçägine, aşaky Beýthoronyň we Gezeriň araçägine çenli gelip, deňizde tamamlanýar.
4 Şeýlelikde, manaşe we efraýym ýarym tireleri mülk ýerlerini aldylar.
5 Efraýymlaryň uruglaryna görä alan ýerleriniň araçägi şular bolupdyr: olaryň mülk ýerleriniň gündogar araçägi Atarotaddar bolup, ol ýokarky Beýthorona çenli barýar.
6 Ol ýerden araçäk Ortaýer deňzi bilen dowam edip, Mikmetadyň demirgazygyna gelýär we Tanatşylonyň gündogar tarapyna öwrülip, Ýanowanyň gündogaryndan geçýär.
7 Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär.
8 Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat.
9 Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşelere degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi.
10 Efraýymlar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowup çykarmadylar. Kenganlar şu günler hem efraýymlaryň işini etmäge mejbur edilip, olaryň arasynda ýaşap ýörler.