Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 18

Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.
2 Entek ysraýyllardan öz mülk ýerini almadyk ýene-de ýedi tire galypdy.
3 Şonuň üçin hem Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Siz haçana çenli ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize beren ýerlerini almaga biperwaý garap gezjeksiňiz?
4 Her tireden üç adamy saýlaň, men olary ýerlere aýlanmaga iberjek, olar her tirä ýetýän mülk ýeri ýazga geçirsinler-de, meniň ýanyma alyp gelsinler.
5 Ýerleri mülk paýyny almadyk ýedi tiräniň arasynda bölsünler. Ýahudalar öz öňki ýerinde günortada galar, Ýusubyň nesilleri bolsa demirgazykdaky ýerinde galar.
6 Mülk ýeriň ýedi bölegini hem ýazga geçiriň-de, maňa getirip beriň. Men şu ýerde Hudaýymyz Rebbiň huzurynda siziň üçin bije ataryn.
7 Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşe ýarym tiresi eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».
8 Şeýdip, adamlar ýola düşdüler. Ýeşuwa ýerleri öwrenmäge gidýän ol adamlara şeýle buýruk berdi: «Ähli ýerleri aýlanyp çykyň we ony ýazga geçiriň-de, yzyňyza meniň ýanyma geliň. Men bu ýerde Şiloda Rebbiň huzurynda siziň üçin bije atjakdyryn».
9 Şeýlelikde, adamlar ýerleriň içinden geçip, olary galama-gala ýedi bölege bölüp, gözden geçiriş kitabyna ýazdylar. Soňra olar Şilodaky düşelgä – Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldiler.
10 Ol ýerde Ýeşuwa Rebbiň huzurynda bije atyp, ýerleri ysraýyllaryň tirelerine özleriniň bölüşleri ýaly paýlady.
11 Ilkinji bolup, benýamin tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň bijesine düşen paý ýahudalar bilen Ýusup nesilleriniň aralygyndaky ýerler boldy.
12 Olaryň araçäginiň demirgazyk tarapy Iordan derýasyndan başlanýar, soň araçäk demirgazykda Ýeriho gerşine çykyp, daglyklaryň üsti bilen günbatar tarapa öwrülip, ol Beýtawen çöllüginde gutarýar.
13 Bu ýerden araçäk ilerligine Luza (bu öňki Beýtel), ýagny Lusyň günorta gerşine çenli gelýär. Soňra aşaky Beýthoronyň günortasyndaky daglykdan Atarotaddara düşýär.
14 Soňra ol ýerden aýlanyp, daglaryň günbatar tarapyna öwrülýär, ýahudalara degişli bolan Kirýatbagala (öňki Kirýategarym) gelýär. Bu olaryň günbatar tarapynyň araçägidir.
15 Günorta araçäk Kirýategarymyň çetinden başlap, Neptowa çeşmesine çenli gelip ýetýär.
16 Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär.
17 Indi bolsa araçäk demirgazykdan aýlanyp, Eýnşemeşe gelýär. Soňra Adummym geçidiniň garşysyndaky Geliloda çenli uzalyp, Ruben ogly Bohanyň daşyna tarap aşak düşýär.
18 Soňra Beýtarabanyň demirgazyk eňňidi bilen geçip, Araba düzlügine tarap aşak düşýär.
19 Araçäk Beýthoglanyň demirgazygy bilen gidip, Duz deňziniň demirgazyk aýlagynda we günortada Iordanyň çetinde gutarýar. Bu olaryň günorta araçägi bolupdyr.
20 Olaryň gündogar araçägi Iordan bolupdyr. Bu benýamin tiresiniň uruglary boýunça ähli taraplaýyn araçäklenen mülk ýerleri bolupdyr.
21 Ynha, bular bolsa benýamin tiresiniň uruglary boýunça alan galalary: Ýeriho, Beýthogla, Emekkesis,
22 Beýtaraba, Samaraýym, Beýtel,
23 Awym, Para, Opra,
24 Kepar-ammony, Opny, Geba – obalary bilen bile jemi on iki gala.
25 Gibgon, Rama, Beýerot,
26 Mispe, Kepira, Mosa,
27 Rekem, Ýirpeýel, Tarala,
28 Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýategarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.