Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 13

Ýeşuwa garrap, gojalyk ýaşyna ýetende, Reb oňa şeýle diýdi: «Indi sen örän garradyň, emma basylyp alynmaly ýerler entek gaty kän.
2 Şol basylyp alynmaly ýerler şulardyr: piliştlileriň, geşurlaryň ähli ýerleri,
3 günortada ýaşaýan awymlylar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.
4 Şeýle-de kenganlaryň tutuş ýeri, sidonlylara degişli Megary bilen amorlaryň araçägi Apeka çenli bolan ýerler.
5 Geballylaryň ýerleri, bütin gündogar Liwan, Hermon dagyna golaý ýerleşen Bagalgatdan tä Lebohamat girelgesine çenli bolan ýerler. 6–7 Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda tutuş sidonlylar hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we manaşe ýarym tiresine mülk edip paýlap ber».
8 Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşe ýarym tiresine Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr:
9 Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler.
10 Şeýle hem, Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli galalaryndan tä ammonlaryň araçägine çenli bolan ýerler.
11 Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;
12 Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy.
13 Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.
14 Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.
15 Musa ruben tiresine onuň uruglaryna görä mülk ýer beripdi.
16 Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.
17 Şeýle hem, Heşbon galasy we tekizlikdäki ähli galalar: Dibon, Bamotbagal we Beýtbagal-megon,
18 Ýahsa, Kedemot we Meýpagat,
19 Kirýataým, Sibma we jülgäniň depesindäki Seretşahar,
20 Beýtpegor, Pisga dagynyň etegi we Beýtýeşimot.
21 Ine, tekizligiň üstündäki şu ähli galalar we Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli hanlygy. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy.
22 Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.
23 Rubenleriň araçägi Iordan derýasynyň kenary bolupdyr. Bu rubenleriň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri bolupdyr.
24 Ynha, Musanyň gat tiresine onuň uruglaryna görä beren mülk ýerleri:
25 Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli;
26 Heşbondan Ramatmispä we Betonyma çenli, Mahanaýymdan Debiriň araçägine çenli;
27 Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr.
28 Ine, gatlaryň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri şulardyr.
29 Musa manaşe ýarym tiresine onuň aýry-aýry uruglaryna görä ýer paýlap beripdi.
30 Olaryň tutýan ýerleri Mahanaýym, tutuş Başan, Başan hany Oguň ähli hanlygy, Ýaýyryň ähli galalary – jemi altmyş gala;
31 Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý. (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşeniň ogly Makyryň nesilleri üçin, Makyryň ogullarynyň ýarysyna olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy.
32 Ynha, şular Musanyň Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Mowap düzlüginde, Ýerihonyň gündogarynda paýlan mülk ýerleridir.
33 Emma Musa lewi tiresine mülk paý bermedi. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz aýdyşy ýaly, Özi olaryň mirasydyr.