Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 17

Şeýle hem, manaşe tiresi üçin hem bije atyldy, çünki Manaşe Ýusubyň ilkinji doglan ogludy. Manaşeniň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça oňa Gilgat we Başan berildi.
2 Galan manaşe tiresiniň uruglarynyň, ýagny Abigezer, Helek, Asryýel, Şekem, Heper we Şemida uruglarynyň hem bije boýunça paýlary bardy. Bular Ýusubyň ogly Manaşeniň erkek nesilleridi.
3 Manaşeniň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selopehadyň ogul perzendi bolmandyr. Onuň diňe bäş gyzy bolupdyr, olaryň atlary şular: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa.
4 Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa erkek garyndaşlarymyz bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Şeýlelikde, Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem erkek garyndaşlarynyň arasynda mülk berdi.
5 Manaşe tiresine Iordanyň gündogaryndaky Gilgatdan we Başandan başga-da, on paý ýer berildi.
6 Sebäbi Manaşeniň gyzlary hem edil ogullary ýaly mülk aldylar. Gilgadyň ýeri beýleki galan Manaşe nesillerine degişlidi.
7 Manaşeniň tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär.
8 Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşä degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşeniň araçäginde ýerleşýärdi.
9 Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşede ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşeniň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar.
10 Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşä degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr.
11 Ysakardan we Aşerden manaşelere obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.
12 Manaşeler ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler.
13 Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.
14 Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.
15 Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.
16 Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demirden söweş arabalary bar» diýdiler.
17 Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşelere we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir.
18 Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».