Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 19

Ikinji gezek şimgon tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülki ýahuda tiresiniň mülk ýeriniň içinden düşdi.
2 Şimgon tiresiniň mülk ýerleri şular bolupdyr: Beýerşeba, Şeba, Molada,
3 Hasarşugal, Bala, Esem,
4 Eltolat, Betul, Horma,
5 Ziklag, Beýtmarkabot, Hasarsusa,
6 Beýtlebaot, Şaruhen – obalary bilen bile on üç gala.
7 Aýyn, Rimmon, Eter, Aşan – obalary bilen bile dört gala.
8 Bagalatbegeriň we Negep çölündäki Ramanyň daş-töweregindäki obalar hem şoňa girýärdi. Şimgon tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýerleri, ine şulardyr.
9 Şimgon tiresine mülk ýer ýahudalaryň paýyndan bölünip berildi. Ýahudalaryň ýer paýlarynyň özlerinden artykdygy sebäpli, şimgon tiresi mülk ýerini olaryň paýyndan aldy.
10 Üçünji gezek zebulun tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülk ýeriniň araçägi Saryda çenli uzalýar.
11 Araçäk günorta Margala çenli gidip, Dabbeşede baryp ýetýär we Ýoknegamyň gündogar akymyna gelýär.
12 Soň Saryddan yzyna gaýdyp, günüň dogýan tarapyna Kislot-tabora gelýär. Ol ýerden Daberada gelip, Ýapyýa tarap ýokary çykýar.
13 Ol ýerden gündogara Gathepere we Etkazyna tarap geçýär, soňra Rimmona tarap dowam edip, Nega tarap öwrülýär.
14 Demirgazyk araçäk Hannatona tarap aýlanyp, Ýyptahel jülgesinde gutarýar.
15 Katat, Nahalal, Şimron, Ýydala, Beýtullaham – obalary bilen bile on iki gala.
16 Zebulun tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýeri, olaryň galalary we obalary, ine şulardyr.
17 Dördünji gezek ysakar tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
18 Olaryň ýerine şular degişlidir: Ýizregel, Kesullot, Şunem,
19 Haparaýym, Şiýon, Anaharat,
20 Rabyt, Kişýon, Ebes,
21 Remet, Eýngannym, Eýnhadda, Beýtpazzes.
22 Araçäk Tabora, Şahasuma, Beýtşemeşe ýanaşyp, Iordanda gutarýar – obalary bilen bile alty gala.
23 Ysakar tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine şulardyr.
24 Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
25 Olaryň araçägi Helkat, Haly, Beten, Akşap,
26 Alammelek, Amat, Mişal; günbatar Karmel dagyna çenli we Şihorlybnat galasyna çenli baryp ýetýär.
27 Soňra araçäk yzyna gündogara Beýtdagona tarap aýlanyp, Zebuluna, Ýyptahel jülgesine, demirgazykda Beýtemege we Negiýele barýar. Soňra ol demirgazykda Kabula,
28 Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär.
29 Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr.
30
31 Aşer tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, galalary we obalary, ine, şulardan ybaratdyr.
32 Altynjy gezek naftaly tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
33 Olaryň araçägi Helepden, Saganannymdaky dub tokaýlaryndan, Adamynekepden we Ýabneýelden Lakkuma çenli gelip, ol Iordanda gutarýar.
34 Serhet günbatara Aznottabora öwrülip, soň Hukoga barýar, günorta tarapdan Zebuluna, günbatar tarapdan bolsa Aşere we gündogar tarapdan Iordanyň ýakasynda bolan Ýahuda ýanaşýar.
35 Olara degişli bolan berk galalar şulardyr: Sidim, Ser, Hammat, Rakat, Kinneret,
36 Adama, Rama, Hasor,
37 Kedeş, Edreý, Eýnhasor,
38 Ýyron, Migdalel, Horem, Beýtanat we Beýtşemeş – obalary bilen bile on dokuz gala.
39 Bu bolsa naftaly tiresiniň uruglaryna görä düşen mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
40 Ýedinji gezek dan tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.
41 Olaryň paýyna düşen mülk ýerler şulardan ybarat: Sorga, Eştawol, Irşemeş,
42 Şagalbyn, Aýalon, Ýytla,
43 Eýlon, Timna, Ekron,
44 Elteke, Gibeton, Bagalat,
45 Ýehut, Beneýberak, Gatrimmon,
46 Meýýarkon we Ýafonuň garşysyndaky ýerler bilen Rakon.
47 Emma dan tiresine öz ýerlerini eýelemek agyr düşdi, olar Leşeme garşy söweşe çykyp, ony basyp aldylar. Olary gylyçlap öldürip, ýerlerini özlerine mülk edip aldylar we ol ýerde ýerleşdiler. Olar Leşeme Dan diýip, atalary Danyň adyny goýdular.
48 Ine, bu bolsa dan tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr.
49 Mülk ýerleri araçäkläp bölüp gutaranlaryndan soň, ysraýyllar öz aralaryndan Nunuň ogly Ýeşuwa mülk paý berdiler.
50 Olar oňa Rebbiň buýrugy boýunça Efraýym daglygyndaky Timnatserah galasyny berdiler. Bu galany onuň özi sorapdy. Ýeşuwa bu galany täzeden gurup, ol ýerde ornaşdy.
51 Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini gutardylar.