1 Timoteosa haty

1 2 3 4 5 6


Bap 6

Gulluk boýuntyrygy astyndakylaryň hemmesi Hudaýyň adyna, taglymatyna dil ýetmez ýaly, öz hojaýynlaryny sylag-hormata mynasyp bilsin.
2 Hojaýynlary iman getiren gullar bolsa dogan bolandyklary üçin, olary äsgermezlik etmän, gaýtam, has beter hyzmat etsin. Çünki bu oňat hyzmatdan peýdalanýanlar imanly hem söýgülidir. Bulary öwret, ünde.
3 Kim-de kim başga taglymaty ýaýradyp, sagdyn sözleri, Rebbimiz Isa Mesihiň sözlerini we Hudaýyň ýoluna degişli taglymaty oňlamaýan bolsa,
4 onda ol tekepbirdir, hiç zady bilýän däldir, jedel, söz dawalarynyň hassasydyr. Göripçilik, çekişme, ýamanlama, erbet şübheler,
5 pikirleri zaýalanyp, Hudaýyň ýoluny gazanç ýoly hasaplap, hakykatdan mahrum bolan adamlaryň üznüksiz jedelleri şu zatlardan ugur alýandyr. Beýle adamlardan gaça duruň.
6 Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr.
7 Çünki biz dünýä hiç bir zat getirmedik, hiç bir zat hem äkidip bilmejegimiz bellidir.
8 Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys.
9 Baýajak bolýanlar bolsa synaglaryň duzagyna düşüp, adamlary çöküşe, heläkçilige sokýan ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere ýolukýandyr.
10 Çünki her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar.
11 Emma sen, eý Hudaý adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulygyň, Hudaýyň ýolunyň, imanyň, söýginiň, sabyr hem ýumşaklygyň yzynda ylga.
12 Imanyň oňat göreşini alyp bar. Ebedi ýaşaýşa ýapyş. Sen muňa çagyrylyp, ençeme şaýadyň öňünde imany oňat ykrar edensiň.
13 Bar zada ýaşaýyş beren Hudaýyň we Pontius Pilatusyň garşysynda oňat ykrar eden Mesih Isanyň huzurynda saňa tabşyrýaryn,
14 Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, Hudaýyň buýrugyny çirksiz we müýnsüz sakla.
15 Mübärek, täk Hökümdar, patyşalar Patyşasy, rebler Rebbi,
16 ölümsizligiň ýeke-täk eýesi, ýetdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.
17 Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin, her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar.
18 Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr.
19 Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler.
20 Eý Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder.
21 Bu ýalan bilimi ykrar edip, käbir adamlar imandan azaşdylar. Hudaýyň merhemeti seniň bilen bolsun! Omyn.