2 Selaniklilere haty

1 2 3 4


Bap 1

Mesih Isadaky ýaşaýyş wadasy boýunça Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan,
2 söýgüli oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin.
3 Men gije-gündiz edýän dogalarymda seni dyngysyz ýatlap, atalarym ýaly sap wyždandan hyzmat edýän Hudaýyma şükür edýärin.
4 Gözýaşlaryňy ýada salyp, şatlykdan dolmak üçin seni göresim gelýär.
5 Ozal mamaň Loisde we eneň Ewnikide bolan hilesiz imany ýatlaýaryn, onuň sende-de bardygyna doly ynanýaryn.
6 Şu sebäpden, ellerimi üstüňe goýmagym arkaly Hudaýyň saňa beren sylagyny lowurdatmagyňy ýadyňa salýaryn.
7 Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir.
8 Şoňa görä, Rebbimiz hakda güwälik etmäge, Onuň ugrunda bendi bolan maňa utanman, Hudaýyň beren kuwwaty bilen Hoş Habaryň ugrunda meniň bilen bile görgi gör.
9 Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlip,
10 indi bolsa, ölümi aradan aýran, ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly yşyga çykaran Halasgärimiz Mesih Isanyň gelmegi bilen aýan edildi.
11 Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we milletleriň öwredijisi edilip bellendim.
12 Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar.
13 Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny iman, Mesih Isa bolan söýgi bilen gaýym sakla.
14 Özüňe ynanylyp berlen oňat taglymaty içimizde ýaşaýan Mukaddes Ruh arkaly gora.
15 Aziýa ilindäkileriň hemmesiniň, şol sanda Figelus hem Ermogenis dagynyň menden arany açanyny bilýänsiň.
16 Reb Onisiforyň içersine rehimdarlyk etsin. Çünki ol ençeme gezek janyma jan goşdy, zynjyrlar bilen baglydygyma utanman,
17 Rimdekä meni gaýrat edip gözläp tapdy.
18 Ol günde Rebden rehimdarlyk tapmagy Reb oňa yhsan etsin! Onuň Efesde näçe hyzmat edenini seniň özüň gaty oňat bilýänsiň.