Bap 4
Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner.
2 Ynsaplaryna dag basylan ýalançylaryň ikiýüzlüligi zerarly aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar.
3 Bu ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy buýrar.
4 Hudaýyň ýaradan bar zady gowudyr, şükür bilen kabul edilse, hiç bir zat ret edilmeli däldir.
5 Çünki bar zat Hudaýyň sözi we doga arkaly mukaddes edilýändir.
6 Sen bulary doganlaryň ýadyna salsaň, imanyň, eýeren oňat taglymatyň sözleri bilen ýetişdirilip, Mesih Isanyň oňat hyzmatkäri bolarsyň.
7 Ýaramaz hekaýalary, kempirleriň ertekilerini ret edip, özüňi Hudaýyň ýolunda werdiş et.
8 Beden maşkynyň peýdasy azdyr, ýöne häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe bolan takwalyk her ugurdan peýdalydyr.
9 Bu söz dogry sözdür, her jähetden makullanmaga laýykdyr.
10 Biz munuň üçin zähmet çekýäris, sögünç eşidýäris. Çünki umydymyzy ähli adamlaryň, ylaýta-da, iman edenleriň Halasgäri diri Hudaýa bagladyk.
11 Bu zatlary buýur, öwret.
12 Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol.
13 Men barýançam, Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol.
14 Pygamberlik sözi arkaly we ýaşulular guramasynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen ruhy sylagy gözden salma.
15 Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin, bular bilen meşgullan.
16 Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň.