Bap 3
Ine, bir dogry söz: kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat işi arzuw edýär.
2 Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri, hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,
3 şeraba höwesjeň däl, igenjeň däl, ýumşak, uruşdan gaçýan, haram gazanç etmeýän bolmalydyr.
4 Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir.
5 Kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder?
6 Gözegçi ýaňy iman getireniň biri bolmaly däl, ýogsa, tekepbirlik edip, iblisiň sezewar bolan hökmüne sezewar bolmagy mümkin.
7 Aýyplanjak ýagdaýa, iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndakylar tarapyndan-da oňat diýip güwä geçilýän adam bolmalydyr.
8 Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem hormatly, ikidilli däl, köp şeraba höwessiz, haram gazanç etmeýän,
9 sap wyždan bilen imanyň syryny saklaýan adamlar bolmalydyr.
10 Bular hem öňürti synalsyn, onsoň, müýnsüz bolsalar hyzmat etsinler.
11 Şonuň ýaly-da, aýallary hem hormatly, myjabatçy däl, hüşgär, her zatda wepaly bolmalydyr.
12 Hyzmatçylar diňe bir aýalyň äri, çagalaryny, öz öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsun.
13 Çünki hyzmatlaryny oňat berjaý edýänler özlerine oňat dereje, Mesih Isa iman etmekde uly gaýrat gazanýandyr.
14 Men az wagtdan seniň ýanyňa barmagy umyt edýärin.
15 Ýöne bulary saňa men gijä galsam, Hudaýyň maşgalasy, ýagny hakykatyň diregi hem daýanjy bolan diri Hudaýyň ýygnagy arasynda özüňi nähili alyp barmagy bilmegiň üçin ýazýaryn.
16 Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy.