Bap 2
Her zatdan öň şuny ündeýärin: biz takwa hem agras, aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly, bütin adamlar,
2 patyşalar we häkimiýet eýeleriniň bary üçin dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin.
3 Çünki bu oňat we Halasgärimiz Hudaýyň halaýan zadydyr.
4 Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir.
5 Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr.
6 Ol hem ynsan bolan, Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürlän Mesih Isadyr. Muňa-da öz wagtynda güwä geçilendir.
7 Şu maksat bilen jarçy, resul hökmünde Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin ― men ýehudy dällere imany hem hakykaty öwrediji bolup bellendim.
8 Erkekleriň gaharlanyp jedelleşmän, her ýerde mukaddes eller galdyryp doga etmegini isleýärin.
9 Aýallaryň hem saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de, eýsem, ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen,
10 Hudaý ýolunda gezýändiklerini ykrar edýän aýallara ýaraşýan ýagşy işler bilen özlerini bezemeklerini isleýärin.
11 Aýal sessizlik, tutuşlygyna tabynlyk içinde öwrensin.
12 Aýalyň sapak bermegine, erkege agalyk etmegine rugsat etmeýärin, ol sessiz-üýnsüz bolsun.
13 Çünki öňürti Adam, onsoň Howa ýaradyldy.
14 Aldanan hem Adam däldi, aýal aldanyp, ýazykly boldy.
15 Ýöne aýal salykatlylyk bilen, imanda, söýgüde we mukaddeslikde bolup, çaga dogurmak bilen gutular.