1 Timoteosa haty

1 2 3 4 5 6


Bap 1

Halasgärimiz Hudaýyň, umydymyz Mesih Isanyň buýrugy bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan,
2 imanda oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin!
3 Makedoniýa barýarkam senden haýyş edişim ýaly, sen özge taglymatlary ýaýratmazlygy käbir adamlara tabşyrmak üçin Efesde gal.
4 Olar ertekilerden, tükeniksiz nesil şejerelerinden el götersin. Bu zatlar Hudaýyň imana daýanan işine peýda bermekden köp, jedellere sebäp bolýandyr.
5 Bu buýrugyň maksady sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur alan söýgüdir.
6 Käbir adamlar bu zatlardan azaşyp, boş geplere ýykgyn etdiler.
7 Olar Mukaddes Kanunyň öwredijileri bolmak isleýär, ýöne ne öz aýdýan zatlaryna, ne-de nygtap tassyklaýan zatlaryna düşünýär.
8 Biz Kanunyň ony kanuna laýyklykda ulanýan adam üçin oňatdygyny bilýäris.
9 Ýene-de Kanunyň dogry adam üçin däl-de, kanunsyzlar we agyzzyryksyzlar, hudaýsyzlar we günäkärler, mukaddes däller we mukaddesi sylamaýanlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,
10 zynagärler, beçebazlar, gul satýanlar, ýalançylar, ýalan ýere ant içýänler we sag taglymata garşy başga näme bar bolsa, bular üçin goýlandygyny biz bilýäris.
11 Mübärek Hudaýyň maňa ynanylyp berlen şöhratly Hoş Habary boýunça bu şeýledir.
12 Maňa kuwwat berýän Rebbimiz Mesih Isa şükür edýärin. Sebäbi Ol meni sadyk saýyp, Öz gullugyna belledi.
13 Ozallar Oňa dil ýetiren, azar berip, zorluk eden hem bolsam, Ol maňa rehim etdi. Çünki men edenlerimi nadanlykdan, imansyzlykdan edipdim.
14 Ýöne iman, Mesih Isada bolan söýgi bilen birlikde Rebbimiziň merhemeti meniň üstüme bolluk bilen ýagdy.
15 «Mesih Isa günäkärleri gutarmak üçin dünýä geldi» diýen söz takyk, her taýdan kabula laýyk sözdür. Ol günäkärleriň iň erbedi mendirin.
16 Emma Mesih Isa Özüne iman edip, ebedi ýaşaýşa gowuşjaklara görelde hökmünde, Öz çäksiz sabryny günäkärleriň iň erbedi bolan mende görkezsin diýip, maňa rehim edildi.
17 Bütin döwürleriň Patyşasy, ölmez hem görünmez ýalňyz akyldar Hudaýa ebedilik hormat, şöhrat bolsun! Omyn.
18 Eý oglum, Timoteos, sen özüň hakdaky ozalky pygamberliklere daýanyp, söweşiň iň oňadyny alyp barar ýaly, men şol pygamberliklere laýyklykda şu buýrugy saňa ynanýaryn.
19 Imany, dogry ynsaby sakla. Käbir adamlar dogry ynsaby bir ýana itip, iman babatda batdylar.
20 Imeneýus we Isgender bulardandyr. Men küpür etmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.