Bap 4
«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, Çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar: Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.
2 Gargyş we ýalançylyk, ganhorluk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.
3 Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.
4 Hiç kes dawa etmesin. Hiç kes başgany aýyplamasyn. Seniň halkyň ruhana garşy aýyplama getirýäne meňzeýändir.
5 Sen gündizlikde, Pygamber bolsa gijelikde seniň bilen büdrär. Seniň ejeň Ysraýyly ýok ederin.
6 Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.
7 Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler. Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.
8 Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip, olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.
9 Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.
10-12 Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Hudaýy terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.
13 Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, Baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem saýaly agajyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.
14 Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Buthanadaky kemçin bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.
15 Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.
16 Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?
17 Efraýym butlara ýapyşdy. Ony goý!
18 Olaryň serhoş oturylyşygy tamamlanandan soň, zyna işe geçýärler. Olaryň serdarlary masgaraçylygy söýýär.
19 Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».