Bap 11
«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm. Oglumy Müsürden çagyrdym.
2 Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.
3 Efraýyma ýöremegi Men öwretdim, Golumda göterdim olary. Meniň aladamy olar bilmediler.
4 Olary ynsanperwerlik ýüpleri, söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym. Eglip olara iýmit berdim.
5 Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.
6 Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.
7 Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.
8 Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.
9 Gyzgyn gazabymy başyňyza indermen. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.
10 Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler, Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.
11 Müsürden guş ýaly, Aşurdan gögerçin ýaly titreşip gelerler. Olary öýlerine eltip goýaryn» – muny Reb aýdýandyr. Ysraýyla we Ýahuda garşy höküm çykar
12 Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.