Bap 12
Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.
2 Ýahuda bilen Rebbiň dawasy bar. Tutan ýoluna görä Ýakuba jezasyny berjek. Edenini garşysyna gaýtarjak.
3 Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy. Ýetişen çagynda, Reb bilen göreşdi.
4 Perişde bilen göreşip ýeňdi. Aglap onuň göwnüni tapjak boldy. Hudaý ony Beýtelde tapdy. Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.
5 Hökmürowan Hudaý-Reb onuň tanalýan adydyr!
6 Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Wepaly söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.
7 Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.
8 «Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».
9 «Men Reb – seniň Hudaýyň. Seni Müsürden çykaran. Baýramçylyklarda bolşy ýaly, Sizi ýene çadyrda ýaşadaryn.
10 Men pygamberlere gepledim, Men köp aýanlyk gönderdim. Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».
11 Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.
12 Ýakup Aram ýurduna gaçdy. Ysraýyl ol ýerde aýal almak üçin hyzmat etdi. Öýlenmäge goýun bakdy.
13 Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.
14 Efraýym Taňryny berk gazaplandyrdy. Şonuň üçin Taňry dökülen gany onuň başyna getirer. Onuň masgara işini özüne gaýtarar.